MAKALA

Hünär — ömre hemra

Şu jähetden akyly kämilleşdirmegiň serişdesi ylym-bilim milli Liderimiziň beýik özgertmeler syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýandygyna indi oňat düşünýäris.

Ýurt Baştutanymyzyň jemgyýetiň ylym-bilim derejesini halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak baradaky amala aşyrýan tutumly işleri we uzak gözýetimleri nazarlaýan taglymy ugurlary bilen Türkmenistan döwletimiz ykdysady, medeni ulgamlarda asyrlara barabar ösüşlere eýe boldy, dünýäniň syýasy giňişliginde abraý-mertebesi ýokary göterildi. Şeýle ýokary göterilişde ylym-bilim ulgamynyň hyzmaty uludyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň wekiliýet toparlarynyň agzalary dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy merkezlerinde, halkara guramalarynda hünär derejesini kämilleşdirýärler. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýöredýän «Açyk gapylar» syýasy-strategik ugry bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Awstriýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini kämilleşdirmäge mümkinçiliklere eýe boldular.

Eziz Arkadagymyz ösüşiň häzirki eýýamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy çaltlandyrmagyň zerurdygyna aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda degişli çözgütleri kabul edýär. Şol çözgütlerde milli bilim-ylym ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň ylym ojaklary bilen halkara hyzmatdaşlygyny ozalkylardan-da işjeňleşdirmegi zerur hasap edýär. Şu babatda milli Liderimiz Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «Size mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär. Şoňa görä-de, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar».

Döwlet Baştutanymyz şu parasatly pikiriniň özeninde jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda alymlary, tehnologlary, inženerleri we hünärmenleri taýýarlamagy çaltlandyrmagyň zerurdygyny esas edip alýar. Ine, şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda halkara maslahatlary, sammitleri, forumlary, festiwallary geçirmek, sergileri, ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklaryny guramak bilen hünärmenleri taýýarlamagyň täze taslamalaryny kabul etmäge, olary durmuşa geçirmäge örän amatly ýagdaýlar döreýär. Bu möhüm çärelerde halkara bilim hyzmatdaşlygy, hususan-da, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň we hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanyň köpugurly ykdysady ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işini talabalaýyk guramak üçin institutlarymyzda we uniwersitetlerimizde, ýörite orta okuw mekdeplerimizde ýylyň-ýylyna täze hünärler açylýar. Täze ugurlarda taýýarlanylýan hünärmenleriň ukyp-başarnyklary hem-de gujurly zähmeti bilen daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan eksport ugurly önümçiligiň täze nesli döredilýär.

Bilim-ylym ulgamy, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň üýtgewsiz serişdesi, jemgyýeti sagdynlaşdyrmagyň ygtybarly mehanizmi bolup hyzmat edýär. Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesliň ylym hem hünär derejesine bagly bolup durýar. Hut şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynda we başarjaň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady ygtybarly pugtalandyrylýar, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy, ykdysady, medeni kuwwaty ýurduň raýatlarynyň döwlet Baştutanymyzyň töweregine syýasy jebislikde gujur-gaýratly zähmeti bilen artdyrylýar. Zähmet jemgyýetiň ýaşaýşynyň, döredijilikli işiniň, medeni ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Dünýäniň meşhur pelsepeçileriniň hemde syýasatçylarynyň belleýşi ýaly, zähmet jahan häkimidir. Dünýä zähmet bilen döredilendir.

 

Altyngül Garaýewa.

«Mugallymlar gazeti».

  • 160
  • 02.03.2019