MAKALA

Kitaphanalaryň işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen medeni aň-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýär, çünki islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ilatyň intellektual derejesine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzdaky kitaphanalaryň kitap gorlarynyň baýlaşdyrylmagy, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda: «Häzirki döwürde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, gözel paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähi, halkymyzyň we myhmanlarymyzyň has köp barýan ýerine öwrüldi» diýip belledi.

Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýan halk. Biz muňa geçmiş taryhymyza ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen topragyndaky kitaphanalar, olarda saklanan ajaýyp kitaplar barada jahankeşdelerdir syýahatçylaryň işlerinde täsirli maglumatlar beýan edilipdir. Orta asyr döwrüniň ylym-bilim merkezleri bolan Merwde, Ürgençde, Nusaýda, Amulda we beýleki şä-herlerdäki kitaphanalarda gymmatly golýazmalar saklanypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda kitaphanalaryň täze binalary gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň ilkinjisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Mary şäherinde ulanylmaga berlen Mary welaýat kitaphanasydyr. Soňra ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde döwrebap kitaphanalar açylyp, olar kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Elektron kitaphana ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan tutumly işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Elektron kitaphanalaryň bir bitewi ulgamy — munuň özi aragatnaşyk tory bolmak bilen, uzakdaky kitaphanalary Döwlet kitaphanasyna birikdirýän maglumat-gözleg ulgamydyr. Kitaphana işgärleri öz gaznasyndaky bar bolan kitaplary elektron görnüşe geçirip, bu ulgama ýükleýärler. Bulardan başga-da, ulgamyň üsti bilen okyjylary hasaba almak, olara ýokary derejede hyzmat etmek ýaly işler hem alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 27-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda elektron kitaphanalaryň bir bitewi ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalar elektron kitaphanalaryň bir bitewi ulgamyna birikdirildi. Şonuň esasynda kitaphana gorlaryn-daky neşir önümleri boýunça maglumatlaryň jemleýji elektron binýady emele getirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki kitaphanalaryň arasynda maglumatlary alyşmak boýunça amatly şertleri döretdi. Şonuň ýaly-da kitaphanalaryň işini täzeçe guramaga mümkinçilik berdi. Häzir kitaphanalar bu ulgam boýunça işleri alyp barýar.

Ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Merjen Meredowa,

 kitaphanaçy.

  • 241
  • 03.03.2019