MAKALA

Sanly bilim Serhet institutynyň okuw durmuşynda

Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli  ulgamlar bir hatarda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.

 Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň inowasion ösüşine laýyklykda kämil derejede bilim bermekden, okatmakdan, maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

 Häzirki döwürde ylymly, bilimli, hünärli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçinem ýaş nesliň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda bilim ulgamynda köpugurly işler alnyp barylýar. Döwletimizde orta we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylýar, internet ulgamy ornaşdyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi ulanylýar.

Türkmenistanyň Serhet institutynda hem sanly bilim ulgamyny ösdürmek barada bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Pederlerimiziň ruhy siňen mukaddes ene topragymyzy, ata Watanymyzy jandan söýüp, gözümiziň göreji deýin gorap, bilim, terbiýe almalysyňyz, ylym we hünär öwrenmelisiňiz» diýen ganatly sözleri her bir harby talybyň watansöýüji, edermen, saýlap alan hünäriniň ussady bolup ýetişmegi üçin ruhy goldaw bolup hyzmat edýär.

Institutymyzda sanly bilim ulgamynyň täze gazananlaryny amaly, tejribe usullary arkaly berkitmek we özleşdirmek işleri ýokary netijeliligi bilen öz beýanyny tapýar. Harby talyplaryň bilim almaklary üçin döwrebap kompýuter tehnologiýalaryň, innowasion enjamlaryň elýeterli bolmagy, olaryň kömegi bilen elektron kitaphana programmalaryna birikdirilmäge şertleriň döredilmegi hem-de tiz wagtyň içinde degerli maglumatlary peýdalanmaga mümkinçilikleriň iş ýüzüne ornaşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Onda kompýuter torunyň üsti bilen gerekli kitaplaryň atlary we ugurlary boýunça  gözlemek, institutymyzyň çäginde kitaphananyň goruna birikmek, şeýle-de peýdalanmak maksady bilen ýörite niýetlenen ulgam işleýär. Onda maglumatlaryň goraglylygy berk üpjün edilýär. Okuw otaglarymyzyň ählisinde sapaklary sanly ulgamda geçirmek üçin zerur şertler  bar. Bu okuw otaglarda häzirki zaman tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, döwrebap interaktiw seslenme ulgamy bolup, mugallymyň taýýarlan testlerine harby talybyň pultynyň üsti bilen elektron görnüşinde jogabyny berýär. Kompýuter ulgamynyň kömegi bilen ol jogaplary kabul etmek, hasaba almak, netijelerini seljermek we ýatda saklamak wezipeleri ýerine ýetirilip, wagt çäklilik meselesi aradan aýrylýar.     

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden ýörite Maksatnamasynda bilim ulgamynda bellenilen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalary bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine kybap gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulandyr.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 14-nji fewralynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda Jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň öňünde aň-düşünjesi ösen ýaşlary kemala getirmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, döwletimiziň alyp barýan ajaýyp işlerini wagyz etmek babatda netijeliligi gazanmak dogrusynda möhüm wezipeleri goýdy.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Türkmen ýaşlary her ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynyň abraýly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga ugradylyp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä tejribesinden doly baş alyp çykarmaklary gazanylýar.

Şular  ýaly ajaýyp döwürde biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Kakageldi Myradow.

  • 140
  • 04.03.2019