MAKALA

Köňülleriň küýsegi kitap

Okamak peýdaly. Kitaplar adamlaryň ruhuny ýagtylandyrýar, maksadaokgunlylygyny ýokarlandyrýar, akyl-paýhasyny ýiteldýär we ýüregini ýumşadýar.

Uilýam Tekkereý.

Gowy ýazýan awtorlaryň eserlerini okap, gowy gürlemegi öwrenýärsiň.

Wolter.

Gowy kitap okamak – bu paýhasly adamlar bilen söhbetdeş bolmak ýaly ýakymlydyr.

Çarlz Bukowski.

Köp kitap okaýan adam köp ömür ýaşaýar, hiç haçan hiç zat okamadyk adam bolsa bir ömür ýaşaýar.

Jorj Martin.

Okamak – aňyň beden maşklary.

Gowy kitap – bu awtoryň adamzada bagyş eden iň gowy sowgady.

Josef Addison.

Kitaplar pikirleriň gämisidir. Olar wagtyň tolkunlarynda syýahat edip, gymmatly ýükleri nesilden-nesle ýetirýärler.

Frensis Bekon.

Okamak – bu öwrenmegiň iň gowy usuly. Beýik adamlaryň pikirine eýermek bolsa, iň peýdaly ylymdyr.

Aleksandr Puşkin.

Kitaplar – akylyň çagalary.

Jonatan Swift.

Ýagtylyk! Hemişe ýagtylyk! Hemme ýerde ýagtylyk! Hemme kişi şoňa mätäç. Ol bolsa kitapda saklanýandyr.

Wiktor Gýugo.

Kitap – gürlemeýän mugallym.

Platon.

Kitap – ýalňyz adamyň dosty.

Stefan Witwiski.

 

  • 118
  • 05.03.2019