MAKALA

Ýaşlary hünäre ugrukdyrmagyň esaslary

Eziz Watanymyza söýgi, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik halkymyzyň müňýyllyklardan gaýdýan parasatly wesýetleriniň gözbaşydyr. Hünär öwrenmek jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga ukyply, taýýarlykly bolmakdyr. Garaşsyz Watanymyzda giň düşünjeli, ýokary ahlakly, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek, ýurdumyzy has-da ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň biridir.

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris. Hormatly Prezidentimiz umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge üns berilmelidigini nygtady.

Her bir ata-enäniň we hünär öwredýän mugallymyň, halypanyň ösüp gelýän ýaş neslimize asylly maksatlara ýetmek, eşretli durmuşda ýaşamak üçin bütin ömrüniň dowamynda yhlas bilen yzygiderli halal zähmet çekmelidigi barada aňyna siňdirmek, olaryň öňünde duran esasy wezipeler hasaplanýar. Ýaşlara zähmetsöýerligiň, halallygyň, päkgöwünliligiň bagtly durmuşa getirýändigini wagyz etmek, düşündirmek örän möhümdir.

Garaşsyz döwletimizde ýaş raýatlaryň ýokary hilli bilim almagy, öz hünärine ökde hem-de ýokary düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek, ylym-bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we mynasyp işleri üpjün etmek bilen bagly hereket edýän milli kanunçylyk namalaryň binýady berkidildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynda Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyklykda terbiýelemek, ýaş raýatlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek, ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy-döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek we jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmek işini utgaşdyrmak barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri kesgitlenildi. Ýaşlaryň iş bilen meşgullanmagyna ýardam etmek boýunça edaralar we guramalar ýaşlaryň zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda döwlet maksatnamasynyň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýarlar.

Türkmenistanda hünärmenler döwletiň hünär bilim edaralarynda döwlet serişdeleriniň hasabyna we tölegli esasda taýýarlanylýar. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň zerurlyklaryny hasaba almak bilen, hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler taýýarlanylýar. Ýaşlaryň öz serişdeleriniň hasabyna daşary ýurtlarda hünär almaklaryna hukuklary hem kanunçylyk arkaly kepillendirilýär.

Ýurdumyzyň hünär bilim edaralarynda hünär alan ýaş hünärmenler ykdysadyýetiň pudaklaryna işe ýollanýar. Şu ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna laýyklykda, döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna bilim alan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlary öz hünär ugry boýunça sargytçy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlarynyň esasynda işe ýollanylýar. Şeýle hem orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň okuwa kabul edilen welaýatynyň (Aşgabat şäheriniň) häkimlikleriniň arasynda baglaşylan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mysaly görnüşi tassyklanylýan şertnama laýyklykda işe ýollanylýar.

Eger uçurymlar degişlilikde sargytlara, şertnamalara laýyklykda iş bilen üpjün edilip bilinmedik ýagdaýynda, olar Iş topary tarapyndan öz hünär ugry boýunça beýleki döwlet kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara, edaralara we guramalara işe ýollanylýar. Hususy serişdeleriniň, şeýle hem beýleki fiziki şahslaryň serişdeleriniň hasabyna tölegli esasda orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalara, edaralara we guramalara işe ýollanylyp bilinýär.

Hususy tertipde öz serişdeleriniň hasabyna daşary ýurtlaryň hünär bilimi edaralaryny tamamlan ýaşlar özbaşdak ýa-da zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynyň ýardam bermegi arkaly işe ýerleşýärler.

Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamany ýerine ýetirmek üçin öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen çäreleriň amal edilmegi ýaşlaryň durmuşyna uly täsir eder. Bu wezipeleriň çäklerinde ýaş hünärmenleriň zähmet bazaryndaky ýagdaýyny yzygiderli seljermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, iş gözlegindäki ýaşlary we olaryň işe ýerleşmegi bilen bagly maglumatlaryň hasaba alnyşy yzygiderli geçiriler. Bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň, ykdysady işiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam eder. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde hem bu möhüm meseleler aýdyňlygy bilen düşündirilýär. Kodeksde iş berijiniň zerur halatda öz serişdeleriniň hasabyna işgäri täze käre (hünäre) taýýarlamak döwründe oňa ortaça zähmet hakyny tölemek bilen okatmaga borçludygyny kesgitleýän kadada işgärleriň hukuklaryny goramagyň döwlet kepillikleri bellenilýär.

Ykdysady taýdan özbaşdaklyk we ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu ugurda kiçi we orta telekeçilik hem-de ylmyň, tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny ykdysadyýetimize ornaşdyrmakdan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly alnyp barylýan çäreler, döwrümiziň möhüm işleriniň hatarynda durýar.

Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasaty ýaşlarymyza hukuk, ykdysady we guramaçylyk babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýadan baş çykarýan, maksada okgunly, ukyply hünärmenleriň ýetişdirilmegi halkymyzy durmuş ykdysady taýdan üpjün, goragly we durnukly ösen döwletleriň hataryna çykarmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Merjen Borjakowa,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 177
  • 07.03.2019