MAKALA

Sazlaşykly ösüş ugrunda

Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamlary döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, il-halk bähbitli başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde örän uly jogapkärli wezipeler goýulýar. Ol wezipeler ýurduň ösüş, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşme şertlerine laýyk ýerine ýetirilýär.

Dünýäniň döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar ýurdumyzyň bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, usuly görkezmeleriň ornaşdyrylmagyny talap etdi. Şundan görnüşi ýaly, indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna laýyklykda, çagalara we ýaşlara iňlis, rus, ýapon we hytaý dilleri öwredilýär.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň wekilleridirler. Olarda ýüze çykan islendik özgeriş tutuş jemgyýete täsir edýär. Ýaşlara döwrebap bilim bermek ýagty ertirlerimiziň hem-de mundan buýanky ösüşlerimiziň binýadydyr. Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşynda ruhubelent, watanperwer, sagdyn hem-de döwrebap bilimli nesli kemala getirmegiň örän möhüm wezipedigine aýratyn orun berip, bu işe mugallymlaryň, terbiýeçileriň, halkyň ýaşuly wekilleriniň has-da çynlakaý çemeleşmelidigini aýratyn belleýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan ýokary netijeleri önümçilige ornaşdyrmak, ylmy-tehniki, innowasion tehnologiýalar babatdaky halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şolaryň netijesinde bolsa ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamagy ösen döwletleriň derejesine çykarmak her bir bilim işgäriniň öňünde aýdyň maksat edilip goýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin, ilkinji nobatda, Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejelerine çykarylmagyna göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmak üçin ähli şertleri döretmeli we bu ählihalk bähbitli işe olary doly taýýarlamaly.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly elýeterli üpjünçiligi ygtybarly çözüldi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary elektron bilim maglumatlaryna geçirildi, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligi artdyryldy. Bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, sanly bilim ulgamyndan doly derejede peýdalanylýar.

Orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta resminamalarynyň, uzak aralykdan dürli mazmunly bäsleşikleriň, olimpiadalaryň, maslahatlardyr forumlaryň beýanyny özünde jemleýär. Şeýle hem ondaky okuw kitaplaryndan, gollanmalardan, sözlüklerden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Elektron maglumatlar goruna birikmegiň elýeterliligi ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna hem-de kämilleşmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilim portaly işjeň hereket edýär. Olardaky mümkinçilikler okamak üçin sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga, şonuň ýaly-da anyk maglumatlary almaga örän amatly şertleri döredýär.

Sanly bilim ulgamy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara innowasion ösüşe laýyk anyk maglumatlary toplamaga, ulgamlaşdyrmaga, gaýtadan işlemäge, uzak aralyklara ugratmaga ýardam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň okuw mekdeplerindäki, esasan-da, ýokary okuw mekdeplerindäki döredilýän sanly bilim portaly ýurduň iri kitaphanalary bilen birikdirilendir. Şeýlelikde, talyplar üçin kitap, maglumat elýeterliligi ýokarlandy. Ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy orun tehnika we tehnologiýa degişlidir. Maglumat tehnologiýalary, kompýuterleşdirilen ulgamlar hem-de ýokary bilim tehnologiýalary innowasion ösüşiniň esasy bölegi bolup durýar. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de olary uzak geljekde ýörelge edinmek milli Liderimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň esasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz dünýäniň gazanan öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Diýarymyzyň her bir raýatynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamynyň öňünde duran giň möçberli, halk ähmiýetli wezipeler häzirki wagtda ygtybarly çözülýär. Sanly bilimiň, innowasion çemeleşmeleriň, döwrebap tehniki serişdeleriň hem-de maglumat gorlarynyň ulanylyşy boýunça bilim işgärleriniň okuwlary guralýar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Prezidentimiziň innowasiýalar ulgamyny, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijelerini berýär.

Amanjahan Kemjäýewa,

Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy.

  • 161
  • 08.03.2019