MAKALA

Bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerlemegi, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimli jemgyýetiň kemala gelmegi bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyplygyny nygtaýar. Şonuň üçin Diýarymyzda ýokary hünärli we giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak ugrunda birnäçe ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar.

Şu ýylyň 24-26-njy fewraly aralygynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk boldy. Onda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti hem-de multimediýa, elektron serişdelerini ösdürmek boýunça ylmy-usulyýet maglumatlaryny alyşmak, bakalawrlary we magistrlary taýýarlamagy, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek, uzak aralykdan okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Munuň bilen birlikde ýakyn geljekde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny okuw sapaklaryny okatmaga çagyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmaga we adamzadyň öňünde durýan wajyp wezipeleri çözmäge gönükdirýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, ýurdumyzyň ösüşi mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Gadam Täçmuhammedow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

  • 190
  • 09.03.2019