MAKALA

Kitap — paýhas ummany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri täze röwüşlerde dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda neşir edilýän kitaplaryň, ga­zet-žur­nal­la­ryň sa­ny ýyl gel­di­giçe artýar, olaryň elektron nusgalary döredilýär, paýtagtymyzda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly halkara kitap sergi-ýarmarkasy yzygiderli geçirilýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, ol ýerdäki işleriň gidişi bilen tanşyp: «Biz kitaplaryň, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işlerin üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris» diýip bellemegi hemişelik Bitarap Diýarymyzda medeni aň-bilim edaralarynyň işini ösdürmäge aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmen medeniýeti», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaplarynyň içinden halkymyzyň baş ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan garaýşy eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kitabyň ägirt uly ruhy gymmatlykdygy barada şeýle belleýär: «Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebidigi, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydygy, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüňe çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir. Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär».

Bagtyýarlyk döwrümizde kitaplary we beýleki neşir önümlerini çap etmegiň, olardan peýdalanmagyň iň häzirki zaman usullary durmuşa ornaşdyrylýar we bilim bermek işinde giňden ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda: «Size mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär. Şoňa görä-de, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl» diýip, bu barada aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiziň yzygiderli berýän gymmatly sargytlaryndan ugur alyp, ähli ulgamlarda işleriň dünýä ülňülerine laýyk guralmagy üçin uly tagallalar edilýär. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamyna, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegi häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň hatarynda goýdy. Bu il bähbitli işe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalarynyň bitewi ulgamyny döretmegiň binýadynda talyplara okuw kitaplary we olaryň elektron nusgalary elýeterli edildi. Kitaplaryň elektron we onlaýn görnüşinde elýeterli bolmagy olaryň aýawly saklanylmagyna, wagtyň tygşytlanylmagyna, maglumatlaryň has çalt tapylmagyna, okyjynyň ýerleşýän ýerine garamazdan, islendik wagtda çeşmelerden peýdalanyp bilmegine uly ýardam edýär.

«Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem» diýip, ýaş nesillerimize okamak, öwrenmek we medeniýetli, kämil hünärmenler bolup ýetişip, gözel Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine goşantlaryny goşmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Bahar Jepbarowa,

TDY we DI-niň mugallymy.

  • 1176
  • 10.03.2019