MAKALA

Bilim geljekki üstünliklere ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiz has belent sepgitleri nazarlap ösýär, ilatyň durmuş derejesi ýokarlanýar, beýleki durmuş ugurlaryndaky ýaly, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ösüp gelýän ýaş nesle gönükdirilen bilim-terbiýeçilik işiniň ýokarlandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha uly goldawa eýe bolmagyna, ýaş nesliň bagtyýar ösmegine getirýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda bilim ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, biziň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşynda: «Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris. Biz mekdep okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys» diýen sözleri bar. Şeýle buýsançly jümleler mugallymlar bolan bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlaryndan badalga alýan döwlet bilim strategiýasy dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerine, innowasiýa tehnologiýalaryna, bilim ulgamynda täzelikleri ornaşdyrmagyň döwrebap usullaryna daýanýar. Bilim ulgamynyň ýaş nesliň bagtyýarlygy, olaryň beden we ruhy saglygynyň goraglylygy, okamagy, öwrenmegi, alan bilimlerini durmuşda ulanmak ukyplarynyň terbiýelenmegi, ahlak borçlaryny jany-teni bilen duýýan, giň gözýetimli, watanperwer, zähmete höwesek, ak ýürekli, kämillige mydama ymtylýan şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işleriň netijeliligi üznüksiz ýokarlanýar.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň we beýleki okatmaga degişli bolan serişdeleriň ýylyň-ýylyna kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap kemala gelmeginiň we eziz Watanymyza, mähriban topragymyza wepaly ýaşlar edip ýetişdirmegiň aladasy bilen gurşalandyr.

Häzirki wagtda bilimiň mazmuny çuňlaşdyrylýar, onuň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine aýratyn üns bilen garalýar. Ösüşiň täze basgançaklaryna gönükdirilen bilim maksatnamalaryna laýyk getirilýän täze tehnologiýalaryň gazananlaryny ýaş nesliň özleşdirip bilmegi, oňa düşünmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şeýlelikde, häzirki wagt döwrebap bilim özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýandygy, dünýä ülňülerine laýyk täze tehnologiýalaryň, bilim-terbiýeçilik işiniň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň güýçli ösdürilýändigi bilen has-da tapawutlanýar. Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda kompýuter tehnologiýalarynyň, multimedia enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň we işledilişiniň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi goldanylýar. Umumy bilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy taýdan enjamlaşdyrylyşyny pugtalandyrmak, olaryň pedagogik işiniň guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjünçiligini döwrebap kämilleşdirmek, dürli okuw we usulyýet edebiýatlarynyň neşir edilişini çaltlandyrmak, olaryň ýokary hilini üpjün etmek gazanylýar. Bilim edaralarynda häzirki zaman tehnologiýalary, kompýuterler, beýleki multimedia serişdeleri, öňdebaryjy iş tejribeleri bilen tanyşmak we olary bilim berlişiniň tejribesine ornaşdyrmak barha giň gerime eýe bolýar. Elektron kitaphanalar ulgamy döredilip, bu kitaphanalar arkaly dünýäniň ösen döwletleriniň kitaphana ulgamlaryna ýokary tizlikli aralaşmagyň netijeli usullary öwrenilýär we olar iş tejribede öz beýanyny tapýar.

Öňdebaryjy usulyýetçi mugallymlaryň tagallalary bilen, elektron göterijidäki sanly bilimiň maglumatlar goruny döretmek işi kämilleşýär. Sanly bilime geçmek doly tamamlanan ýagdaýynda, bilim berlişi täze, has kämil basgançaga çykar.

Bilim işiniň amala aşyrylmagynda mugallymyň wezipe-borçlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada: «Döwrebap bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň hünär ussatlyklary, öňdebaryjy iş usullary bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyk pikirlenýän zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir» diýip belleýär.

Mugallymyň hünär ussatlygy, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegi onuň amaly işiniň netijesinde mümkin bolýar. Bilim ulgamyndaky tomusky dynç alyş döwri bolsa mugallym üçin täze usulyýetleri öwrenmegiň, bu ugurda öwrenilenleri baýlaşdyrmagyň we berkitmegiň aýratyn döwrüdir. Bu döwürde ussat mugallymyň dynç alşy onuň usuly başarnyklaryny ösdürmegi, öz üstünde üznüksiz işlemegi dowam etdirmegi bilen özboluşly utgaşýar. Mugallym okamadyk ýa-da bilim-tejribesini kämilleşdirmegiň üstünde işlemedik mahaly mugallym bolup bilmeýär. Şeýle bolansoň, ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, mugallymyň bütin durmuşynyň dowamynda, mekdepde alyp barmaly işiniň usulyýet esasyny kämilleşdirmegini, mugallymçylyga täzeçilligi ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegini onuň wezipe-borçlary talap edýär.

Bilim geljekki ösüşlere badalgadyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň diňe bir şu güni däl, eýsem ertiri babatda hem uly tagallalary edýär.

Diýarymyzyň barha belentlikleri nazarlaýan we ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilim özgertmeleriniň geljekki müňýyllyklara tarap uzap gitjek aýgytly ädimlerinde uly üstünlikleri gazanmagy ýaş nesliň çuňňur bilimliligine, geljege bolan ynamyna, okamaga, zähmet çekmäge bolan höwesine köp derejede baglydyr. Bu günki milli bilim ulgamynyň mazmunyny sapak edinýän ýaşlar geljekki aýdyň ertirlerimiziň eýeleridir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris». Ýaş nesli şeýle belent maksatlara atarýan we elmydama uly aladalar bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Jahan Halmyradowa,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

  • 204
  • 11.03.2019