MAKALA

Bilim ulgamynyň rowaç gadamlary

«Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzdan, aýdyň maksatlarymyzdan ugur alyp, biz 2019-njy ýyla «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip at berdik» diýip, hormatly Prezidentimiz ýylyň adynyň we şygarynyň mazmunyny aýan etdi.

Hawa, bu gün berkarar döwletimiziň bagtyýar halkynyň belent maksatlary myrat tapýar, tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň päk arzuwyna, maksada gönükdirilen halal zähmetine ýar bolan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ýylyň rowaçlyklara beslenip gelendigini, ykballaryň bagtdan serpaýly bolandygyny aňladýar.

Milli bilim ulgamymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar, geljegimiziň ýagty hem-de nurana, ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykarylyp, uly ösüşlere ýetilýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär.

Türkmen döwletinde raýatlaryň asuda, erkin ýaşaýşynyň, ýurdumyzyň kuwwatlanmagynyň ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrylmagy ýöne ýere däl. Çünki ylymdan, bilimden ýüki ýeten adam maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli, durmuş hakykatyna düşünýän, ugurtapyjy we sabyrly bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere badalga berildi. Bilim özgertmeleri, bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, päk ahlakly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmaga ak ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyna ylmyň iň täze gazananlaryny, okatmagyň häzirki zaman usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, milli ýörelgelerimize wepaly, milli ruhly, döwrebap dünýägaraýyşly, giň gözýetimli, ýokary hünär derejeli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi baş wezipe edip kesgitleýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr. Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr. Munuň özi täzeçil ösüşler üçin zerur şertleri döreder» diýmek bilen, milli bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerden ugur alyp, berk binýatly bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklady. Bu konsepsiýa ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berer. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmeklerini üpjün eder. Tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösdürilmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýan milli sanly bilim ulgamy ylym-bilimiň geljekki ösüşlerini kepillendirip, onuň rowaçlyklara beslenmegini üpjün eder.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly bilermenlerini we hünärmenlerini elektron serişdelerini ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işlerine çekmek ýoly bilen ornaşdyrmak barada görkezmeleri berdi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersleri, hünärleri, şol sanda ylmy tehnologiýalar babatdaky ugurlary girizmegiň wajyplygyny nygtady. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri nazara alanyňda program­ma­çy, in­že­ner, tehnolog ýaly hünärler zerur bolup durýar diýip belledi we şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag merkezleri bilen ykjam gatnaşygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak göwnejaý ýola goýuldy. Häzirki zaman okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Munuň hut şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Watanymyzda gurlup, ulanylmaga berlen okuw-terbiýeçilik edaralarynyň mysalynda aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary okatmagyň häzirki zaman usullarydyr tärlerini peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usulynyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy halkara tejribesiniň öwrenilmegi okuw sapaklarynyň täsirliligini, netijeliligini artdyrmaga şert döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli döwrebap özgertmeler milli bilim ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenip, dünýä ülňülerine laýyk gelmegini, bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün eder.

 

Aýjeren Tagandurdyýewa,

Türkmen oba-hojalyk institutynyň mugallymy.

  • 284
  • 12.03.2019