MAKALA

Ylym — milli baýlygym

Döwlet Baştutanymyz ylym ulgamyny häzirki döwrüň ösüş aýratynlyklaryna we talaplaryna laýyklykda, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy Türkmenistan döwletini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda goýýar. Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösdürilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň möhüm şertidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ylmyň ileri tutulýan wezipelerini çözmek, binýadyny berkitmek we döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni bilim ojaklarynda düýpli öwrenmek arkaly ylmy-tehniki işler has­da kämilleşdirilýär. XXI asyrda adamyň durmuşyny ylymdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Häzir ylym we tehnika ýokary depginler bilen ösýär. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda ylym ulgamy innowasion tehnologiýalarda ösüşlere eýe bolýar.

Şu wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda milli we umumadamzat bähbitleri bilen sazlaşýan ylmy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmegiň uzak möhlete niýetlenen taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmakda ylmyň gazananlaryna daýanýarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, pudaklaýyn ylmy­barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly, netijeli ylmy­barlag işleri alnyp barylýar. Alymlarymyzyň geçirýän ylmy barlaglarynyň oňyn netijeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmaga, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda bäsleşige ukyply täze önümleri ylmy esasda öndürmekde gowy netijeler gazanylýar. Energiýa serişdelerini öndürmäge we tygşytlamaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilýär.

Garagum sährasynyň we Hazar deňziniň ösümlik hem­de haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça hem giň gerimli ylmy işler alnyp barylýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüni, onuň şor suw akabalaryny hem-de bu köle ýanaşyk ýerleri ulanmagyň tehnologiýalaryny döretmek boýunça hem düýpli ylmy­barlag işleri alnyp barylýar. Geçirilýän bu işler ýurdumyzyň hem­de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem döwletimizde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyna geçmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda ylmyň geljegi dünýäniň ylym giňişligine çalt goşulyp, netijeli işleri alyp barmak, şeýle hem ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen hem berk baglydyr. Şoňa görä­de, häzirki döwürde döwlet tarapyndan halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Geljekde türkmen alymlarynyň halkara taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaklary hem göz öňünde tutulýar.

Ylmy işlerde ösümlikleriň ýapragynyň öýjükleriniň, Garagum çägesiniň (kremniniň esasynda işleýän Gün batareýalaryny döretmek üçin geljegi uly çig malyň) we bazaltyň (wulkaniki dag jynsy bolan bu maddanyň esasynda türkmen hünärmenleri nebit­gaz, himiýa senagatynda, awtomobil we maşyn gurluşygynda, elektroenergetikada, metallurgiýada, oba hojalygynda, gämi gurluşygynda we beýleki pudaklarda degişli önümleri öndürmek üçin peýdalanylýan ýokary çydamly bazalt süýümi taýýarlanylýar) nusgalarynyň gurluşygyndan alnan şekiller berilýär.

Umuman, häzir Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistany durmuş­ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykarmak işinde ylma we ýokary tehnologiýalara aýratyn orun berilýär. Ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmyň maddy­enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak döwletimiziň öňde goýan baş maksatlary bolup durýar. Döwrebap kompýuter we barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen täze Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup, döwletimiz geljekde hem ylmy ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada eder.

Tehnologiýalar merkeziniň ýurdumyzda ylmy ösdürmekde we täze sepgitlere çykarmakda hyzmaty uludyr. Dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp, bina edilen bu Tehnologiýalar merkezinde alymlarymyzyň ylmy barlaglary alyp barmaklary, alnan ylmy netijeleri iş ýüzünde synagdan geçirmekleri, täze açyşlary amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir.

Ýazmyrat Mämmedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

  • 257
  • 14.03.2019