MAKALA

Ylym-bilim akabasy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda hepdäniň günleriniň birini «Kitaphana güni» diýip yglan etmek baradaky teklibi orta atypdy. Bu teklip biz — ylym-bilim işgärlerini örän begendirdi, buýsandyrdy, çünki ylym-bilim dünýäsine aralaşan ynsanyň dünýägaraýşynyň giň bolmagy üçin onuň ikinji öýi kitaphana bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda kitaphana işini ýokarlandyrmak, kitaphanalara täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaplaryň we neşirleriň goralyp saklanylmagy, olaryň geljekki nesillerimize ýetirilmegi, kitaplaryň elektron görnüşe geçirilmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Dürli döwürleri öz içine alýan kitap gorlarynyň kitaphanalarda goralyp saklanylmagy, öňki ýyllarda çapdan çykan kitaplary täze röwşe getirmek işleri geljekki nesil üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Milli genji-hazynamyz, egsilmez baýlygymyz bolan kitaplary aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr.

Kitap biziň üçin ruhy baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. Kitaba belli bir ýere jemlenen maglumatlaryň ýazuwly görnüşde okyjylara ýetirilmegi üçin oýlanyp tapylan serişde diýip düşündiriş berilýär. Kitap özündäki maglumatlary ençeme ýyllap ýitirmän saklap bilýär. Kitap okamak endigi ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän iň uly serişdedir. Şonuň üçin-de Magtymguly atamyz «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär.

Tapylgysyz baýlyk, uly miras bolan kitaplara ata-babalarymyz uly sarpa goýupdyr. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda beýan edişi ýaly, Welmyrat aganyň maşgalasynyň düýesini bir kitaba çalyşmagy kitaba goýulýan gadyr-gymmatyň näderejede beýikdigini görkezýär.

Ýurdumyzda birnäçe kitaphana hereket edýär. Şeýle hem orta bilim berýän mekdepleriň özünde kitaphanalaryň bolmagy, onda bilim alýan mekdep okuwçylarynyň derslerine degişli we sapaklaryndan daşgary gyzyklanmalaryna dogry jogap tapmagy üçin ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin bilim terbiýesini bermek çagalyk döwürden başlanýar. Şonuň üçin-de kitaphanalarda ýa-da ýörite söwda merkezlerinde okamak höwesi bolan çagalar üçin ýörite niýetlenen kitaplar hem bar. Entek okamagy we ýazmagy bilmeýän hem bolsa, çagalara üns çekiji, dürli reňkler bilen bezelen kitaplar olara bolan höwesini kiçilikden oýarmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary biz — mugallymlar, ylym-bilim işgärleri, halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak hazyna gorudyr. Şeýle ajaýyp zamanada döretmäge, işlemäge, bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, kitaphana işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Aýjahan Amanowa,

Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

  • 150
  • 15.03.2019