MAKALA

Sport — bagtyýarlygyň kepili

 

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäreleri giň gerime eýe bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby özgertmeleri netijesinde serhetçileriň sport bilen meşgullanmaklary, beden taýýarlyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler bar. Şeýle döwrebap mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi harby gullukçylar sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, agzybirligiň, merdanalygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Serhetçi türgenlerimiz öz gezeginde şeýle çäreler arkaly sportuň: woleýbol, futbol, basketbol, futzal, küşt, şaşka, sambo, türkmen milli göreşi boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, kämilleşmäge we tejribe toplamaga mümkinçilik gazanýarlar.

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyzyň jana şypaly howasynyň has dury hem arassa bolmagy serhetçi türgenlere tebigatyň goýnunda türgenleşik işlerini sazlaşykly alyp barmaga ýardam edýär. 

Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, halkymyzyň bagtyýarlyga, sagdynlyga, dost-doganlyga uzaýan ýollarynyň şuglasyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününi serhetçileriň arasynda ýokary ruhubelentlikde garşylamak üçin döredilýän mümkinçilikleriň bimöçber bolmagy, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi her harby gullukçynyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Çünki biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sport çärelerine bagtyýarlygyň kepili hökmünde garalýar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 231
  • 04.04.2019