MAKALA

Abuna – 2020

Hormatly okyjylar!

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň abuna ýazylyşygy 2020-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin yglan edilýär.

Žurnalyň sahypalarynda siz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri         hem-de daşary syýasaty, üstünlikli durmuşa geçirýän harby özgertmeleri, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatynda alyp barýan taryhy işleri dogrusynda makalalary okap bilersiňiz!

Şeýle-de Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynda serhetçileriň jogapkärli gullugyny, toprak mukaddesligini we serhet asudalygyny, şöhratly taryhymyzy, gahryman pederlerimiziň watansöýüjilige ýugrulan nusgalyk ýörelgelerini hem-de Gullugymyzyň durmuşyndaky beýleki möhüm çäreleri beýan edýän makalalar bilen hem tanşyp bilersiňiz!

Şular bilen birlikde, žurnaldaky «Harby bilim», «Sport», «Sanly ulgam», «Halypalaryň hormatyna», «Şygryýet dünýäsine syýahat», «Esger kalby joşanda...», «Döwür we tehnologiýa» atly sahypalarymyz, şonuň ýaly-da ylmy-usuly makalalar sizde gyzyzklanma döreder. «Zehin soraglary», «Hany, oýlanyp görüň!» atly sahypalary bolsa, size wagtyňyzy has gyzykly geçirmäge ýardam eder.

Ýylyň her çäriýeginde çapdan çykýan žurnala «Türkmenpoçta» PAK-nyň we onuň ýerlerdäki şahamçalarynyň üsti bilen 6 aýlyk ýazylyp bilersiňiz!

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalyna ýazylmaga howlugyň!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 1354
  • 07.04.2020