MAKALA

Mozaika — nepis bezeg

Mozaika monumental-dekorotiw sungatyň esasy görnüşleriniň biridir. Mozaika bilen köşkdür binalary bezemek Gündogar ýurtlarynda has hem ýörgünli bolupdyr. Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikleriň köpüsi mozaiki nagyşlar bilen örtülendir. Muny biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllyga degişli bolan taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy tapyndylar hem subut edýär. Bu barada «Türkmenistanyň taryhy» kitabynda: «Günorta Türkmenistanyň eneolitik taýpalary medeniýetiň ösüş derejesiniň ýokary bolandygyny görkezýän her dürli sungat ýadygärliklerini galdyrypdyrlar. Şol zamanda jaýlaryň diwarlarynyň ýüzi haşam bilen owadanlanmaga başlaýar. Meselem, Kakadan 9,5 kilometrlikdäki Ýasydepede ortaradaky jaýlaryň biriniň diwarlarynyň ýüzi köp dürli reňkler bilen boýalan we pişme hem-de üçburçluk şekilinde bolan haşamlardan doldurylypdyr» diýlip, bellenilýär. Diýmek, eýýäm şol döwürler adamlar dürli reňkleri alyp, jaýlaryny, ybadathanalary, dürli binalary mozaikalar, suratlar bilen örtüpdirler.

Biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň ikinji ýarymyna — II müňýyllygyň başyna degişli bolan Namazgadepe arheologik toplumlarynda geçirilen gazuw agtaryş işleri netijesinde, ilatyň arasynda dürli hünärleriň emele gelip, keramikanyň hem has ösen döwri bolandygy aýan edildi. Şol döwrüň keramikasynda ala-mula nagyşlar bolup, reňkler bir-biri bilen sazlaşykly saýlanypdyr. Gap-gaç, küýze, gurluşyk üçin ulanylan serişdeler ýörite kürelerde bişirilipdir. Küreler iki gatbardan ybarat bolup, onuň gümmezini söýgetläp saklamak üçin ortarasynda sütünler guralypdyr. Taryhçylar Türkmenistanda senetçiligiň eýýäm şol döwürde emele gelip, ösüş ýoluna düşendigini tekrarlaýarlar.

XI asyrda Türkmenistanyň çäginde keramika önümçiligi ýokary derejä ýetýär. Mary, Nusaý, Dehistan, Ürgenç – keramikanyň iň ösen merkezleri bolupdyr. Gurulýan ýaşaýyş jaýlar, desgalar, metjitdir medreseler, hanakalar bezeg taýdan haşamlanan, owadan hem-de berk ymaratlar bolupdyr. Gündogaryň beýik akyldary, aryf hem söz ussady, keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýyryň — Mäne babanyň aramgähi hem bezeg taýdan ýokary hilli gurluşyk ymaratydyr. Bu XI asyr binagärlik ýadygärliginiň portaly nagyşly mozaika toplumlary bilen timarlanypdyr. Mozaika ýaşyl, ýiti mawy we ak öwüşginlerden ybarat bolup, olar çylşyrymly geometrik nagyşlary we owadan ýazgylary döredipdir. «Gadymy Abiwerdiň ýadygärlikleri» kitabynda bu hakda: «Kümmetiň mozaikalarynyň we ýazgylarynyň baýlygy, köp dürlüligi we ýokary çeperçiligi bu ýerde el hünäri il gezen uly ussatlaryň gaýtalanmajak zehininden habar berýär» diýlip bellenýär. Aramgähiň içindäki surat aýratyn täsirlidir. Ol agyň ýüzüne dürli görnüşli reňkler bilen (köplenç ýaşyl, gyzyl) çekilipdir. Surat kä ägirt uly kitap sahypasyna meňzeş uly gönüburçly pannolar, kä gülläp oturan miweli agajyň, gül şahalarynyň, hatda gowaça düýpleriniň sudury bilen, käte-de geometrik nagyşlar hem-de ýazgylar bilen bezelipdir.

Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ýene bir ymarat gurluşy hem-de bezelişi taýdan göreni haýrana goýýar. Ol XV asyryň ortalarynda Änewde bina edilen metjitdir. Bu metjit dini ylymlaryň ussady Seýit Jemalleddin metjididir. Onuň üsti gümmez bilen örtülen jaýynyň egme eýwany howla bakyp dur. Eýwanyň arkasynyň üstünde üç burçly meýdanda towlanyp duran aždarhalaryň suraty dürli reňkli mozaika bilen şekillendirilipdir. Metjidiň öň tarapy ýylmanan kerpiç bilen timarlanypdyr. Şol kerpiçleriň ýüzüne açyk reňkli mozaikadan taýýarlanan haşamlar ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de mozaikanyň iň gadymy nusgalarynyň arasynda Altyndepe taryhy ýadygärliklerini, Köneürgençdäki Törebeg hanymyň mawzoleýini, Diýarymyzyň çäginde gurlan medreseleri mysal görkezmek bolar. Mozaikany düzmek üçin, esasan hem, aýna, keramika, demir, keramogranit, gymmatbaha tebigy daşlarynyň dürli görnüşleri ulanylýar. Mozaikada köplenç çylşyrymly nagyşlardan başlap, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi suratlandyrylypdyr, mifiki şekiller, gadymy ýazuw hatlary şekillendirilipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda geçen döwrüň binagärçilik şekilleri häzirki zaman binagärçiligiň nusgalary bilen utgaşdyrylyp, sazlaşykly alnyp barylýar. Şeýle-de jaýlaryň daşyny mozaika bilen bezemek işinde türkmeniň timarlaýyş däpleri göz öňünde tutulýar.

Mozaikanyň has owadan bolmagy nagyş üçin düzüljek bölejikleriň reňkleriniň kybap getirilmegine baglydyr. Reňkleriň özara baglanyşygy ýaly kadalar mozaikanyň kämil bolmagyna getirýär. Gök, gyzyl, gara, ýaşyl, sary hem-de ak reňkleriň bir-birine gelişdirilip, sazlaşyp duran şekiller döredilýär. Köp reňkleriň utgaşyp gelmegi bolsa mozaikanyň gözelligini artdyrýar.

Monumental-dekorotiw sungatynyň bir ugry bolan mozaika özüniň materiallarynyň berkligi, düzüliş usulynyň syklygy, şonuň üçin hem ýel-ýagmyra asyrlar boýy döz gelip, ilkinji keşbini saklap galýandygy bilen tapawutlanýar.

Kemal Rejepow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

  • 241
  • 15.05.2020