MAKALA

Gymmatly taryhy miras

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda geçirilen ýazky we güýzki gazuw-agtaryş işleri döwründe tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeý gaznalaryny has-da baýlaşdyrdy.

Uly Gyzgaladan, Abdyllahangaladan we Daňdanakan medeni-taryhy goraghanasyndan tapylan gymmatlyklar täsinligi bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz 2020-nji ýylyň          7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde muzeý gaznalary halkymyzyň taryhy gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylsa, olaryň adamlarda örän uly gyzyklanma döretjekdigi hem-de şu günki günde muzeýleriň sergi zallaryny bezejekdigi barada belläp geçdi.

Atlary buýsanç bilen tutulýan şa zenan Tumar (Tomiris), Togrul begiň aýaly — Altynjan hatyn, Güljemal han ýaly halkyň öňüne çykan görnükli türkmen zenanlary hakynda taryhda örän täsin ýazgylar ýazylypdyr. Şeýle-de orta asyrda ussat suratkeşleriň bolandygyny, Merwde keramiki gap-gaçlaryň syrçalanandygyny, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginden tapylan taryhy gymmatlyklar tassyklaýar.

Watan goragçylary bolan erkek adamlar bilen deň hatarda ýurdy goran şeýle edermen, gaýratly zenanlarymyzyň şekili çekilen mejimäniň biziň şu günlerimize gelip ýetmegi halkymyzyň zenanlara ähli döwürde-de uly hormat goýandygyna şaýatlyk edýär.

Taryha giren zenanlarymyz hakynda Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp kitaplarynda giňişleýin, çeper beýan edýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt, adamzat bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Töre Nobatow,

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

  • 168
  • 05.06.2020