MAKALA

Her bir işde haýyr bardyr

Bir gün mugallymyň öz yzyna eýeriji şägirdi gelip, ondan:

– Halypam, men bu agyr durmuşdan ýadadym, öňümden ýöne alada ýa-da dürli meseleler çykýar. Men mydama akymyň tersine ýaşaýan, mende artyk güýç galmady. Men näme etmeli? – diýipdir.

Halypa bu ýagdaýy diňläp, jogap bermän, ýanyp duran oda 3 sany suwly gaby goýupdyr, her ýerden getirip, onuň birine käşiri, beýlekisine ýumurtgany, üçünjisine kofe dänelerini oklapdyr. Ol öz okuwçysyna seredip:

– Näme üýtgedi? – diýip, gaýnap duran suwlary görkezipdir. Ol:

– Ýumurtga bilen käşir suwda gaýnamaga başlady, kofe bolsa suwuň içinde ýaýrap gidendir – diýende, mugallymy:

– Ýok, ol beýle däl, sen aýtjak zadyňy diňe ýüzleý pikir edip jogap berdiň – diýip jogap berýär.

Biraz salym gürlemän, mugallym ýene sözüni dowam etdiripdir:

– Seret suwuň içine oklanan käşir başda nähili berk bolsada, ol ýuwaş-ýuwaşdan ýumşady, ony indi ýönekeý güýç bilen hem pytradyp bolýar. Indi ol ýumurtga seret ol başda suwuk halda bolan bolsa indi ol berk boldy, onuň içi mäkäm gatady. Olar daşyndan göräýmäge üýtgemedik ýaly bolsada, şol bir suwuň täsir etmeginde olaryň her biriniň gurluşy başgaça häsiýetli boldy, bu ýagdaý adamlardada şeýle olar töwerekde özüni mert görkezýänem bolsa olaryň içki dünýäsi şu akyp barýan käşir ýalydyr, ýumurtga bolsa tersine daşyndan şeýle gowşak görünsede olar durmuşyň täsirine berk bolup, çydamlylyga öwrenişýärler. Mugallymy sözüni soňlamanka, şägirt 3-nji gaýnap duran suwa seredip:

– Onda ol kofe näme? - diýýär.

– Hä, bu has gyzykly ýeri! Kofeniň däneleri suwuň içinde dolulygyna pytrap gitdi, onuň erbet täsir edýän daşky gurşawy ol bolmadyk ýaly edip goýdy. Adamlaryň hem dürli görnüşi bolýar, olar käwagtlar daş töwereginiň gepinden, göripliginden, bahyllygyndan, ýamanlygyndan berkeýär, käbirleri bolsa şol ýamanlyklaryň içine garylyp, durmuşda öz ýoluny ýitirýär – diýipdir.

 

Aýgül Çaryýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

  • 149
  • 10.06.2020