MAKALA

Açyk asmanyň astyndaky goraghana

«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki hem-de Köneürgenjiň has ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 125-sini öz içine alýar. Goraghana 1985-nji ýylda döredildi. Onuň tutýan meýdany 648 gektardan ybarat.

Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen gadymy Gürgenjiň müňýyllyklardan gaýdýan taryhy bar. Ýedi gezek ýykylyp, ýedi gezek diklenen bu gadymy toprakda saklanyp galan, gözel keşbi bilen dünýä syýahatçylarynyň we jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekip oturan bu dürdäneler, gündogaryň merjeni hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Beýik Seljuk döwletiniň dowamaty hasaplanan Köneürgenç türkmen döwleti X — XIV asyrlarda Merkezi Aziýada iň bir gülläp ösen merkezleriň biri hökmünde tanalypdyr. Onuň paýtagty gadymy Gürgenç şäheri hem orta asyrlarda dörän kuwwatly türkmen döwletiniň merkezi bolupdyr.

Gadymy Gürgenç taryhyň dürli döwürlerinde dürli atlar bilen atlandyrylypdyr. Gürgenç birinji müňýyllykda Urwa hem-de Urga diýip atlandyrylan bolsa, soňra şäheriň ady Hangirt, Hanjirt, araplaryň gelmegi bilen Jurjaniýa, soňra X asyrda Gürgenç, mongollaryň gelmegi bilen Ürgenç, 1646-njy ýyldan soňra Köneürgenç diýlip atlandyrylypdyr. Gadymy Gürgenjiň adynyň birnäçe gezek üýtgemegine ýa-da halk arasynda aýdylyşyna görä, şäheriň «Ýedi gezek ýykylyp, ýedi gezek dikeldilmegine» sebäp bolan syýasy we tebigy betbagtçylyklaryň ilkinjisi, şäheriň Urwa (Urga), Ýuegan (Ýueziýan) diýlip atlandyrylan döwründe 712-nji ýylda araplaryň aralaşmagy, Hangirt (Hanjirt), Jurjaniýa diýlip atlandyrylan döwründe, Gaznawylaryň (1017-nji ýyllarda) gelmegi, soňra 1221-nji ýylda mongollaryň çozuşy, Ürgenç diýlip atlandyrylan döwründe, 1372 — 1388-nji ýyllarda Teýmirleňiň üç gezek çozuşy bilen baglydyr. 1646-njy ýylda Abulgazy Bahadur hanyň Gürgenjiň ilatyny belli bir derejede täze Ürgenje göçürmegi bilen gadymy şäher Köneürgenç diýlip atlandyrylypdyr. Bu şäher orta asyrlarda hereket eden özboluşly çeperçilik we binagärçilik mekdepleri bilen Merkezi Aziýanyň beýleki şäherlerinden tapawutlanypdyr. Şol mekdeplerde dörän ajaýyp binagärçilik däpleri musulman dünýäsiniň köp sebitlerine ýaýrapdyr

Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärlikleri iki toplumdan ybarat. Birinji toplum gadymy galanyň arheologik, binagärlik ýadygärliklerini öz içine alýan Törebeg hanymyň ýadygärlikler toplumyndan durýar. X — XIV asyrlarda bu toplumdaky gadymy galanyň tutýan meýdany müň gektar töweregi bolupdyr. Ikinjisi bolsa gadymy galanyň demirgazygynda ýerleşen Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumydyr. Ilat arasynda bu toplum «Üç ýüz altmyş erenler», «Üç ýüz altmyş pirler» ady bilen tanalýar.

Gadymy şäheriň günorta-günbatarynda Ibn Hajybyň kümmeti hem-de medrese toplumy ýerleşýär. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň goraghanasy Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Akgala (XIV — XVII), Daşgala (X — XVI), Horezmbagy (XIII — XIV — XIX), Juma metjidi (XI — XVI), näbelli ymaratyň girelgesi hasaplanan Kerwensaraý (XII — XIV) ýadygärliklerini we Orta Aziýada ýeke-täk hasaplanan Il Arslanyň kümmeti (XII), 30 m belentlikde seleňläp oturan iki gat çadyr şekilli täsin mawy gümmezli Soltan Tekeşiň kümmeti (XII), başyny göge diräp oturan Merkezi Aziýada iň beýik Gutlug Temiriň (XII) minarasy, takyk ölçegi bilen çeper nagyş bezeglerini we keramikanyň ajaýyp nagyşlaryny özünde jemleýän Törebeg hanymyň hem-de Nejmeddin Kubranyň kümmetleri (XIV), Pirýar Weliniň kümmeti (XVI ), Seýit Ahmediň kümmeti (XIV), Soltan Alynyň kümmeti (XIV — XVI ), Ibn Hajybyň medresesi (XIV — XVI — XIX), Daşmetjit medresesi (1907 — 1908) ýaly biri-biriniň keşbini gaýtalamaýan özboluşly binagärlik ýadygärliklerini öz içine alýan açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar.

Bu keramatly topragyň ýene-de bir mukaddes ýerleriniň biri, gadymy gala diwarlarynyň demirgazygynda ýerleşen, umumy meýdany 3 gektar bolan Kyrkmolla depesidir. Miladydan öňki V — IV ýüzýyllyklardan, miladynyň III — IV ýüzýyllygyna çenli taryhy döwri öz içine alýan (antik) irki döwre degişli bu gala Köneürgenjiň ýaşyny 2500 ýyla eltýän, orta asyrlarda dünýä meşhur kitaphanasy we alymlar öýi bolan Kyrkmolla depesi ylym dergähi hökmünde hem tanalýar.

Al-Mamunyň Alymlar öýünde ýa-da Akademiýasynda gündogar ylmynyň esaslaryny goýan Abu Ali Ibn Sina, Abu Reýhan al-Biruni ýaly ylym ägirtleri işläpdirler we özleriniň ylmy açyşlaryny alyp barypdyrlar. Alymlar öýünde pelsepeçi alym Abu Sahl Masihi, meşhur tebip Abul Hasan Hammar, alym Muhammet al-Hufi, filosof Muhammet ibn Abdyleziz al-Horezmi, edebiýatçy Ali ibn Arrak as-Sinnari, alym, dilewar Abu Bekir Muhammet ad-Dargani, suhangöý Abu Huseýin al-Käti, edebiýatçy Al Bakkali ýaly köp sanly alymlar özleriniň ylmy açyşlary bilen bütin dünýä tanalypdyr.

Goraghananyň çäginde ýerleşen, bütindünýä gymmatlyklarynyň sanawynda orun alan XII asyr binalarynyň hatarynda ýokary ussatlyk, çeperçilik bilen bina edilen Il Arslanyň hem-de Soltan Tekeşiň kümmetleriniň, Gutlug Temiriň minarasynyň mongol çozuşunyň weýrançylygyndan soň saklanyp galmagy adamzat taryhy üçin iň uly peşgeşdir. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galan orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr.

Bu kümmetler gözelligi we täsinligi, reňkleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. Täsin sungaty döreden binagärler bu ymaratlary guranlarynda haşamlanan kerpiçleri ulanypdyrlar hem-de gözüňi gamaşdyryjy reňkler bilen syrçalamagy başarypdyrlar. Merkezi Aziýanyň binagärliginde öň hiç mahal şeýle baý bezeg ulanylmandyr. Şeýle döredijilik erkinligi ajaýyp desganyň döredilmegine itergi beripdir. Gutlug Temir özüniň adyny (XII asyrda bina edilen) minaranyň bilindäki ýazgyda ebedileşdiripdir. Köneürgenç ýadygärlikleriniň ýene-de birnäçesi mongol çozuşyndan soňky döwürde Gutlug Temiriň ýurdy dolandyran döwri bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda Kerwensaraýyň derwezesini, Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşykly kümmeti hem-de Nejmeddin Kubranyň kümmetlerini görkezmek bolar. Dünýäniň dürli ýerlerinden gelen binagärler, taryhçylar, syýahatçylar Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň, Merkezi Aziýa şäherleriniň köpüsinden tapawutlylykda, has oňat saklanyp galandygyny belleýärler. Şeýle-de adam täsiriniň az bolan bu ýerler hakyky taryhy keşbi we entek öwrenilmedik arheologik ýadygärlikleri bolan goraghana bolmagy bilen tapawutlanýar.

Goraghana Daşoguz welaýatynyň çägindäki ähli arheologik we binagärlik taryhy-medeni ýadygärlikleri öz içine alýar. Welaýatyň günorta-gündogarynda ýerleşen Yzmykşir galasyndan, tä günorta-günbatar tarapda ýerleşen Suwburun ýa-da Şasenem galasyna, hem-de demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşen Döwkesen galasyna çenli aralykda b.e. öňki V — IV müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Kelteminar medeniýetiniň we b.e. öňki V — IV, b.e. III — IV ýüzýyllyklary öz içine alýan Kuýsaý medeniýetleriniň taryhy-medeni ýadygärliklerini özünde jemleýär. Olardan IV — III müňýyllyklara degişli Tümmekkiçijik, Pişge, Çyryşly, Orta guýyduralgalary, şeýle-de Tärimgaýa, Giçgeldi, Maňgyr, Duzgyr, Ýasygyr, Sakarçäge, Çaşdepe gurgan gonamçylyklary irki ýaşaýyş ýerleri hökmünde hasaba alnyp goralýar. Kuýsaý medeniýetine degişli Gurganjykgala, Toprak gala, Şa-Abbasgala, Küňreligala, Gaňňagala, Küýzeligyrgala, Akjagelin, Bötendag, Aýböwür ýaly irki (antik) döwre degişli galalar şäher medeniýetiniň ösendigini aýdyň görkezýär. Hünärmentçiligiň, senetçiligiň, ylym-bilimiň, medeniýetiň ösendigini söwdanyň iri merkezleri hökmünde tanalan orta asyr ýaşaýyş ýerleri, Talaýhanata, Boldumsaz, Bedirkent, Aýböwür, Daudan, Şäherlik, Şamahy, Ýerburun, Döwkesen ýaly irki we orta asyr galalary bolsa ir döwürlerden başlap, tä giçki orta asyrlara çenli ýaşaýşyň yzygider dowam eden mesgeni hasaplanýar. Goraghananyň açyk asmanyň astyndaky taryhy-medeni ýadygärliklerini synlamaga her ýylda syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň 5000-den gowragy gelýär. Mähriban Arkadagymyz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş mirasymyzy gorap saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikler döredildi.

 

Meretgül Gurjiýewa,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

  • 151
  • 12.06.2020