MAKALA

Goşgular çemeni

Özgeriş

Howlymyzda bir düýp agaç,

Ekenim bahar aýydy.

Kän ýyl geçdi körpe nahal,

Bolup gidipdir saýaly.

 

Obadan çykyp gidemde,

Meniň özümem çagadym.

Tiz aýlanýar aýlar-ýyllar,

Dilleri ýaly sagadyň.

 

Körpe nahal bag bolupdyr,

Ýaş ýigidem uly adam.

Bar zat özgermek bilendir,

Sähel wagt geçse aradan.

 

***

 

Eý görmeli doganyňy,

Halyny sorap durmaly.

Dogan diýilýän tumar deý,

Doganny gorap ýörmeli.

 

“Dogan-doganyň galasy”,

Diýip aýtmandyrlar ýöne.

Hut şoň üçin dogan diýlen,

Deňelýändir şirin jana.

 

***

 

Bizi duşuran ykbala,

Nalama-da, gargama-da.

Söýgimiz dek gülläp otyr,

Ýap boýdaky garaly-da.

 

Beýhuş edýär garalynyň,

Göze görünmeýän ysy.

Ýüregimde sensiz geçen

Ýyllaryň galypdyr yzy.

 

***

 

Sähelçejik üýtgäpdirin,

Muny meň özümem duýýan.

Nahar iýip bolamdan soň,

Tabagmy ýalaman goýýan.

 

Özgeren bolşummy şu meň,

Tabagyň ýoky rysgym-a.

Aslynda adam üýtgemän,

Meňzese gowy aslyna.

***

Owadan gözeli söýmän bilmedim,

Gözellik hemişe ünsümi çekdi.

Şeýde-şeýde ady Aýa ýanalan,

Aýnabat ýylgyryp öňümden çykdy.

 

Ol bar gyzdan gözel bolup göründi.

Meň gözlerme şeýle bolmagam ahmal.

Men bir zada ynanýaryn elbetde,

Her kimi taýyna duşurýar ykbal.

Myratgeldi Hallyýew.

 

Aýtsana sen

Aýtsana sen, ýürekdäki owazyň,

Ýeňlet derdim, giňesin-le dar dünýäm.

Walla, zat görmedik gara owamyň,

Oraýany şapak üstünden inýär.

 

Meniň saňa ýazan goşgularymy,

Öz dünýäňde tumar deýin assana.

Ýa-da kalbyňdaky gussa-gamyňy,

Zeňläp giden ýerzemine atsana.

 

Bagtly etjek ykbalmydyr, ýolmudyr?

Pese eltmez hoşamaý söz hiç kesi.

Men saňa dünýämi bagş edipdim-ä,

Asyl olar seniň üçin hiçdimi?!

 

Aýtsana sen, aýtsana sen, aýtsana,

Ýürek zaryň egsiler seň, aýt maňa!

Men ynanýan ykbalyň öz oýny bar,

Olar durmaz gözden inip gaýtmasa.

 

Seni görýän

Men gözlerim ýuman çagym,

Görýän seniň jemalyňy.

Men gözlerim açan çagym,

Gaplaýarsyň hyýalymy.

 

Ýürek owazymda sen bar,

Bar sen juwan gursagymda.

Diňe seni, seni görýän,

Dünýäň ähli pursatynda.

 

Janlanýar ajap syratyň,

Her demimde, her nepesde.

Ýadygärlikdir suratyň,

Jiger elmydam kapasda.

 

Ähli ýere baksam seni

Görýän ynangyn, dilberim.

Tarypa boljak söz saýlap,

Erkin gidirdi dillerim.

 

Şeýdip duýgularyň belent,

Daglydygyna düşündim.

Hem ömrümiň baky saňa

Baglydygyna düşündim.

 

Şonuň üçin gözlerimi,

Ýuman çagym seni görýän.

Şonuň üçin gözlerimi,

Açan çagym seni görýän.

Garahanjar Baýhanow.

  • 156
  • 12.06.2020