MAKALA

Gymmaty esgilmejek dür

Türkmeniň meşhur akyldarlarynyň biri-de Döwletmämmet Azadydyr. Alym, akyldar, şahyr — şu epitetleriň hemmesi-de oňa degişlidir. Onuň şeýledigine ussat şahyryň «Wagzy-Azat» eseri doly güwä geçýär. «Wagzy-Azat» poemasy ideýa-mazmun, çeperçilik taýdan seljerilende, söz ussadynyň iň azyndan edebiýat, pedogogika, dini ylymlardan baş çykarandygyna göz ýetirip bolýar.

«Wagzy-Azat» eseriniň III baby:

Baby suwwum içre waspy-alyman

Zikr edeýim anlary belli beýan — diýen beýt bilen başlanyp, onda Azadynyň ylym baradaky toplumlaýyn garaýyşlary jemlenipdir. Söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynyň dini mazmunly bolmagy onuň eserleriniň hemmesine mahsus aýratynlykdyr. Bu, ozaly bilen, döwrüň edebi-jemgyýetçilik durmuşynyň talaby bilen häsiýetlidir, üstesine-de Azadynyň dini ojaklaryň birinde bilim alandygyny hem ünsden düşürmeli däl. Şahyr ylym öwrenmegiň hudaýhalar işdigini:

Ylym okap, agmal edenlerni huda

Gaty söýmüşdir, eşit eý kethuda — diýen setirleri arkaly tassyklaýar. Şahyryň orta atýan pikirleri didaktiki mazmuna ýugrulandyr. Bu bolsa öz gezeginde eseriň edebi-çeperçilik we terbiýeçilik sazlaşygyny emele getirýär. Azady ylym öwrenmek ýoluny saýlap alan her kişiniň özüni tutuşlygyna oňa bagyş etmelidigini, ylmy gözlegleri arman-ýadaman yzygiderli alyp barmalydygyny:

Çün ylym bildiň, amal kyl, durmagyl,

Taňry emrin tut, özüň ýaş görmegil — diýip, wesýet edýär. Şahyr ylym öwrenmek ýolunyň bimöçber sabyr-kanagat talap edýändigine garamazdan, gyşarnyksyz dowam etmegiň wajypdygyny nygtaýar. Azady irginsiz ylmy gözlegleriň netijesinde ozaldan näbelli ýollaryň açylýandygyny we ynsana uly ruhy lezzet berýändigini şeýle çeper teswirleýär:

Hak sary her ýanydan ýol açylar,

Her sagatda dürli rehmet saçylar.

Azadynyň örän zehinli şahyrdygyna we juda tejribeli pedagogdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ylaýta-da, ol ylym baradaky garaýşyny çeper beýan etmek bilen çäklenmän, pedagogika ylmynda «dil terbiýesi» diýlip atlandyrylýan usuldan hem örän ýerlikli peýdalanypdyr. Şahyr Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde halkymyzyň nesil terbiýesindäki milli ýörelgäni bir ýere jemlemegiň we ony kämilleşdirmegiň hötdesinden gelipdir. Meşhur şahyr ylym öwrenýän her adam üçin amal etmegiň möhümdigini ündeýär. Azady ylmyny amal etmeýän adamy jansyz göwrä, miwesiz agaja, suwsuzlykdan çüýräp galan tohuma meňzedýär. Onuň ylym hakyndaky garaýyşlary Magtymgulynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Döwletmämmet Azady ylmyň dini we dünýewi ähmiýetine örän uly baha berýär. «Wagzy-Azatda» alymlaryň hudaýyň ýalkan gullarydygy, olaryň bu dünýäniň beýleki aýşy-eşretlerinden daş durup, ähli güýç-kuwwatyny ylma gönükdirmelidigini tekrarlaýar. Şahyr ylym bilen nebsiň bir ýere sygyşmaýandygyny belläp, ylym öwrenmegiň sabyr-kanagaty, bilim-terbiýe bermek bolsa süýji dilliligi talap edýändigini şeýle açyp görkezýär:

Eý byradar, hoş söz ermiş ýahşylyk,

Hoş söz ile eýlegil ýahşy gylyk.

Azady her bir alymyň öz öwrenen zatlaryny halka ýaýmalydygyny ündeýär:

Enbiýalar warysydyr özleri,

Halk era wagz-u nesihat sözleri.

Ýeri gelende bellesek, bir beýtiň içinde şeýle çuň, düýpli garaýşy beýan etmek ýokary şahyrana ussatlygy talap edýär.

Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi diňe bir öz-özlüginde gymmatly edebi mirasymyz bolman, eýsem-de XVIII asyrdaky türkmen jemgyýetinde ynsanperwer ylymlaryň ýokary derejede bolandygyny aýdyň görkezýär. Alym şahyrymyzyň ylym bilen baglanyşykly aýdan ajaýyp dürdäneleri häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde, olary ylmy gözleglere gönükdirmekde ajaýyp nusga we gollanma bolup hyzmat edýär.

 

Dursunjemal Babalyýewa,

ylmy işgär.

  • 184
  • 13.06.2020