MAKALA

Gyzyl alma

(Hekaýa)

 

Ýusup Latif, özbek ýazyjysy.

 

Güýz kuýaşy şöhle saçýardy. Şerip baba eda bilen hasasyna daýanyp, ýoluň çetindäki oturgyja göwresini goýdam welin, onuň arkasyndan kimdir biri geçip gitdi. Baba gaňrylyp, ýolagça — ilerdäki baga howlukmaç barýan gyzjagaza äňetdi.

— Boş haňlap ýatan bag ahyry… Ondan näme gözleýärkä? — diýip, içinden pikir öwürdi.

Babanyň bilesigelijiligi üstün çykdy. Ol gyzjagaz bilen sözleşmek isläp, baga tarap ýöneldi.

Gyzjagaz edil batbörek uçurýan deý, nazaryny asmandan aýranokdy. Ýöne batbörekçi ýaly şatlananokdy. Şerip baba onuň çynlakaý keşbinden bir aladasynyň bardygyny syzdy. Oňa ýakynlaşdy.

— Näme gözleýärsiň, köşejigim?

Gyzjagaz gaşlaryny çytyp düşündirdi:

— Alma bar eken. Honha, depede… Uly adamyň eli ýetäýjek ekeni.

Şerip baba bolsa: «Täsin gyzjagaz ekeni. Häzirki balalar şeýle hikmetli. A biz? Murtumyz tabaýança ululardan çekinip ýörerdik» diýip, içini hümletdi-de, gyzjagaza ýüzlendi:

— Hany alma? Nirede?

«Uly adam» elini kölegeledip, agajyň çür depesinden alma gözledi. Emma hernäçe jan etse-de, sary-gyzgylt reňkdäki ýapraklardan başga närsä gözi ilmedi.

— Hol depesine garaň. Ujy gaňrylan şaha…

Baba gyzjagazyň aýdan ýerine seretdi. Hakykatdan-da, täk alma misli özüni güjeňleýän ýaly, şahadan asyl-asyl bolup durdy. Ýöne oňa «uly adamyň» el-ä däl, hasasyny uzatsa hem ýetip bilmejegi anykdy. Öňküsi ýaly bilinde kuwwaty, bileginde güýji bolsady, agaçlaryň üstünde tans edip, ýapraklarynda saz çalardy! Eh, garrylyk…

Baba uzynrak taýak gözläp, töweregine göz aýlady. Nazary gyzjagazyň monjuk deý gap-gara gözleri bilen kaklyşyp, bütin süňňüne jümşüldi aralaşdy. Ol gara gözlerden umyt uçgunlary syçraýardy. Şerip baba haýal ädimläp, çeträge sowuldy. Soňra-da edil çilik oýnaýan çagalar ýaly elindäki hasasyny başyndan aýlap, gyzyl alma tarap zyňdy. Degmedi. Ýene zyňdy. Ýene degmedi. Ýene…

Gyzjagaz bolsa babanyň hereketlerine kikir-kikir gülýärdi.

Ynha-da, ahyrsoňy alma ýere gaçdy. Gyzjagaz taýçanak deýin böküp bardy-da, almany eline aldy. Kynlyk bilen ýeten «awyny» sypalady. Babanyň nazary bolsa, henizem ýokardady. Agajyň çür başynda onuň hasasy ilteşip galypdy. Agaç, göýä, baba bilen alyş-çalyş eden ýalydy: alma ýere gaçdy, ony gaçyran hasa ýokarda galdy.

Gyzjagaz uludan demini alyp, baba naýynjar bakdy.

— Baba jan, indi näme ederis?

— Zyýany ýok, köşejigim! — Şerip baba hasasyndan gözüni aýyrman durşuna dillendi. — Hasa tapdyrmaýan zat däl…

Ol ellerini arkasynda gowşuryp, biraz özüni dürsedi, ýuwaşlyk bilenem hälki oturgyja tarap ýöneldi. Gyzjagaz babanyň yzyna düşüp barşyna, onuň donunyň ýeňinden çekdi.

— Maňa söýenäýiň, baba jan!

Şerip baba ýylgyrdy.

— Minnetdar, köşejigim! Babaň bilinde entegem kuwwat bar!..

 

Özbek dilinden terjime eden Atamyrat Ýazweliýew.

  • 154
  • 16.06.2020