MAKALA

Serhetçi serkerdeler kämilleşdiriş okuwlaryny tamamladylar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda harby bilimi ösdürmekde, harby gullukçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ýokary harby okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Harby akademiýasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Harby akademiýasy harby serkerdeleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň bilimlerini we tejribelerini artdyrmak, ylmyň we tehnologiýanyň, şeýle hem halkara harby tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almak bilen, hünär bilimlerini döwrebaplaşdyrmak, täze hünärleri, kärleri we derejeleri özleşdirmek boýunça bilim maksatnamalaryny amala aşyrýar. Harby akademiýada bilim aljak serkerdeler öz hünärleri boýunça synaglary tabşyryp, iki ýyl öz bilim derejelerini kämilleşdirýärler. Her ýyl Harby akademiýada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri kämilleşdiriş okuwlaryny geçip, ugurlary boýunça magistr derejesini alýarlar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň birnäçesi Türkmenistanyň Harby akademiýasyny üstünlikli tamamladylar. Harby akademiýany tamamlanlaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleriniň hem bolmagy guwandyryjydyr. Akademiýada Gullugymyzyň harby gullukçylary maýor Didar Soltanow, kapitan Arslan Akmämmedow dagylara okan ugurlary boýunça magistr derejesi berildi. Nesip bolsa, serhetçi serkerdelerimiz nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde görkezip, ýurdumyzyň dost-doganlyk araçäklerini goramakda öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 139
  • 16.06.2020