MAKALA

Muzeýe gezelenç

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminiň deňizçi serhetçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde gurlan «Gämi» muzeýine medeni gezelenjini guradylar. Gezelenje deňizçi serhetçiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Harby-deňiz institutynyň uçurymlary hem gatnaşdylar. Taryha degişli bolan gämilerdir gaýyklar hem-de medeni gymmatlyklar, şol sanda gymmatly tapyndylar muzeýiň tekjeleridir diwarlaryny bezeýär. Muzeýdäki medeni gymmatlyklaryň birnäçesiniň döreýşi hem-de taryhy dogrusynda hünärmen harby gullukçylara täsirli gürrüňleri berdi. Deňizçi ýurt goragçylary muzeýiň işgärine geçmiş taryhymyzda mawy Hazarymyzyň orny, gämiçilikdir taýmylly ýöriş bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Sowal-jogap alyşmak arkaly geçen gezelenç oňa gatnaşanlaryň ruhlaryny has-da galkyndyrdy.

 

Agajan Niýazow.

  • 114
  • 18.06.2020