MAKALA

Bilim ulgamynda bahalandyrmagyň orny

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dünýä ülňülerinde bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy babatda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Bu ugurda baha beriş ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Baha beriş ulgamy çaganyň bilim görkezijilerine baha bermek üçin diňe ballara esaslanýan ulgamdyr. Häzirki wagtda durmuşymyzda ene-atalar dürli ugurlarda zähmet çekýärler we mekdep olaryň çagalarynyň bilim, terbiýe almagy üçin esasy ýer bolup durýar. Şeýlelikde, her bir okuwçynyň peýdaly we bitewi ösüşinde mekdepleriň orny uludyr. Bu diňe bir çagalaryň täze maglumatlary, sapaklaryny içgin öwrenmegi bilen çäklenmän, eýsem, bilim almak babatynda daş-töweregindäkiler bilen ýakyn aragatnaşykda bolup öwrenmek bilen gözýetimini has hem giňeldýär.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen okatmagyň täze usullarynyň we beýleki düzümleriniň görnüşleriniň hem kämilleşmegi zerurdyr. Şeýle düzümleriň biri hem okuwçynyň ukybyna we bilimine baha bermek üçin bilim ulgamynda baha bermek ulgamyny ulanmakdyr. Bu usulyň esasy artykmaçlyklaryndan biri, gowy okaýan okuwçylary ortaça we ortaçadan pes okaýan okuwçylardan aýdyň tapawutlandyrmak bilen, okuwçylaryň arasynda güýçli bäsdeşligiň döremegine sebäp boldy.

Häzirki wagtda dünýäde bilim ulgamynda bahalandyrmagyň köp görnüşleri bar. Bahalandyrmagyň käbir görnüşinde san bellikleri ulanmak adaty bir endik bolsa, käbirlerinde, adatça, harp bellikleri hem ulanylýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem bahalandyrmagyň harp belligi giňden ulanylýar. Onda iň ýokary baha goýulşy 5-lik ýaly A we A+ bilen aňladylýar.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň geçirilmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda, maglumat-bilim ulgamyny döretmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi giňişleýin alnyp barylýar.

 

Merjen Saparowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

  • 109
  • 20.06.2020