MAKALA

Gurluşykçy harby hünärmenleriň işleri ileri

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerlerden ukyp-başarnyklary boýunça dürli ugurlardan hünärmenler taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda gurluşykçy harby hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan okuw işleri hem aýratyn bellärliklidir. Bu hünäri ele alan harby gullukçylar Gullugymyzda düýpli gurluşyk işlerini alyp barmakda, ýagny täze binalary gurmakda, öň gurlan desgalaryň durkuny täzelemekde mynasyp işleri geçirýärler.

Şularyň hatarynda gurluşyk üçin çig mallaryň dürli görnüşleriniň Gullugymyzyň düzümlerinde harby hünärmenlerimiz tarapyndan öndürilýändigi hem buýsanç bilen bellärliklidir. Bu alnyp barylýan işler, elbetde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa ornaşdyrýan harby özgertmeleriniň ýene dabaralanýandygyndan nyşandyr.

Harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza biz serhetçileriň alkyşymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Tyrry Orazgylyjow.

  • 127
  • 20.06.2020