MAKALA

Seniň ýaşyňda

XIX asyrda ýaşan belli türkmen serkerdesi, Mary türkmenleriniň görnükli hany Gowşut han (1823 — 1878 ý.) Etekdäki Gowşut obasynda (häzirki Kaka etraby) Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň atasy Akmämmet serdar XVIII asyryň örän atly serkerdesi bolupdyr. Akademik M.Annanepesow Akmämmet serdaryň Hywadaky teke-ýomut türkmenlerine baştutanlyk edendigini, Nedir şanyň jezalandyran Hywa hany Ilbarsyň aýalyny we çagalaryny öz ýanynda penalandygyny ýazýar. Belli rawy, kyssaçy R.Gaýypgulyýew Gowşut hanyň tiresini teke — togtamyş — beg — gökje — ýary gökje — çomalak-çüri görnüşinde getirip, onuň tegelekden ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş göwreli, goýun gözli, giň maňlaýly, gaşlagrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, tizpähim, herbap hem çykymly adam bolandygyny häsiýetlendirýär. Gowşut hanyň ýedi arka şejeresi şulardyr: kakasy Öwezdurdy serdar, atasy Akmämmet serdar, atasynyň atasy Pälwan han, onuň atasy Mürze han, onuň atasy Soltan han, onuň atasy-da Şaňryk şa. Gowşudyň bäş sany erkek dogany bolupdyr.

Gowşudyň geljekde han bolup ýetişmeginde maşgalasy bilen Sarahsa göçende Oraz ýagly hanyň, daýysy Hojamşükür hanyň terbiýesini almagy möhüm orun tutýar. Gowşut olaryň terbiýesini alýar, iň ýakyn adamsyna öwrülýär, goňşy döwletler bilen alnyp barylýan diplomatik gepleşiklere işjeň gatnaşyp taplanýar.

Türkmenler öz serkerdelerini seçenlerinde ukybyna-gujuryna, aňyna-düşünjesine seredip, hemmetaraplaýyn ölçerip-döküp, çynlakaý pikir alyşmak arkaly saýlapdyrlar. Muňa 1853-nji ýylda Sarahsda Gowşudyň ak atkeçä mündürilip, gadymdan gelýän türkmen töresi-dessury boýunça hanlyga göterilmegi-de mysaldyr. Şol wagt ol 30 ýaşynda bolupdyr.

Gowşut han asla uruş etmegiň tarapdary bolmandyr. Emma çar tarapdan çozuşlaryň adaty ýagdaýa öwrülen zamanasynda halkyny alamandan-çapawuldan goramak üçin 1854-nji ýylda Sarahsda öz ady bilen bagly gala saldyrýar.

Gowşut han 1855-nji ýylyň martynda, 32 ýaşynda Hywa hany Mädemini (1846 — 1855 ý.) Sarahsyň eteginde ýeňlişe sezewar edýär. Gowşut han özüniň edermen serkerdedigini, ussat diplomatdygyny subut edýär. Mädemin Mara gelende ony pälinden gaýtarmak üçin Hojamşükür han hem töwella bilen çykypdyr. Emma ol netije bermändir. Soňra Nurberdi hanyň we beýleki sypaýylaryň haýyşy-maslahaty esasynda Gowşut han Täç serdaryň baştutanlygynda 9 adamy Hywa hanynyň ýanyna töwellaçy iberýär. Sarahsyň ilaty salgyt tölemäge boýun sunsa-da, Hywa hanynyň halky Mara göçürmek teklibinden boýun towlapdyrlar. Gowşut han iň soňunda Mädeminiň ýanyna iň abraýly ulamasyny — Seýitmuhammet işany töwella ýollaýar. Emma han töwellaçyny yzyna gaýtarýar. Türkmençilikde bolsa, töwellaçynyň töwellasy alynmasa, halanmaýar. Şeýlelikde, Gowşut hanyň uruşmazlyk hakdaky geçiren parasatly, diplomatik gepleşikleri şowsuz tamamlanýar.

Gedem han tarapyndan töwellasy alynmansoň, Hywa goşunynyň düzümindäki türkmenlere şeýle mazmundaky hat iberýär: «Eý, ýomut garyndaşym! Sizlerden umyt edermiz ki, bizlerniň ähl-u aýallarymyzny aýak astynda goýmagaý, oglan-uşaga eýelik etgeýsizler!». Bu gysga, emma juda jaýdar hat türkmençilik duýgularyny inçeden gozgaýar. Netijede, şu iki jümle hat bilen Gowşut han ýomutlaryň Mädemini goldamazlygyny gazanýar. Hywa taryhçysy Baýany hanyň ýomutlara ýetiren täsirini beýan edip, «Ýomutlar kabul kylyp, biweç şikest tapyp, gelip han hezretleriniň aldyndan seňňer tapyp öteberdiler, yzyndan ýemreli we başga leşgerler hem gelip, öteberdiler» diýip ýazypdyr. Türkmenleriň Sarahs söweşindäki gazanan ýeňşi Hywa hanlarynyň Günorta Türkmenistana guraýan ýörişleriniň soňuna çykýar. Sarahs söweşinden soň Gowşudyň baştutanlygynda tekeler serhetýakasyndan akaba suwly ekin meýdanlarynyň ýetmezçiliginden Mara tarap süýşýärler.

Gowşut han sarahsly türkmenleriň uly toparyny Mara göçürip alyp gaýdýar. Täze ýurtda Murgap derýasynyň köprüsiniň günbatar kenarynda «Hangeçen» atly bazary gurdurýar. Hangeçende meşhur Ýolbarsly çaýhanasy bolupdyr.

Gowşut han Murgap derýasynyň akaba suwuny rejeli peýdalanmak üçin onuň ugrunda Utamyş we Togtamyş atly magistral kanallary, 24 sany ene ýaby, ýene ýüzlerçe kiçi ýaplary çekdirip, öz ady bilen bagly Gowşutbendi gurduryp, Murgap oazisini gülläp ösen ýurda öwrüpdir. Emma 55 ýaşynda biwagt gelen ajal onuň Soltanbendi we gadymy Merw şäherini dikeldip, ilaty şol ýere göçürmek pikirine mümkinçilik bermändir.

Zehinli edebiýatçy alym R.Pirjanow «Gowşut han» atly makalasynda ( — Esger. 2014. — 9 ýanwar) Gowşut hanyň türkmen halkynyň taryhynda bitiren işlerine onuň şahsyýetine üç sany, ýagny birinjiden, onuň dogry sözli, adalatly, ili agzyna garadyp bilýän, her bir çykgynsyz ýagdaýda hem oýlanyşykly hereket edip, ondan baş alyp çykmagy başarýan guramaçy hanlygy, ikinjiden, gaýduwsyz serkerdeligi, üçünji — iň esasysy bolsa, çeýe syýasatçylygy, islendik ýagdaýda-da ähli bar bolan mümkinçilikleri peýdalanyp, meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edendigi nukdaýnazaryndan baha berilmelidigini adalatly belläpdi. Bu häsiýetleriň ählisi Gowşut hanyň 1855-1861-nji ýyllardaky ykbal kesgitleýji wakalarda dolulygyna açylýar.

Türkmen edebiýatynyň aksakgaly Berdi Kerbabaýew 1965-nji ýylda «Gowşut han öňürti guýmagursak akyldar, onsoň han. Gowşut han türkmen taryhynda unudylmaz bir obraz. Ol halk obrazy» diýip, ol hakda roman ýazýan A.Tagana ak pata beripdir. Gowşut hanyň şahsyýetini, onuň döwrüni ymykly öwrenip, ol hakda «Sarahs galasy» romanyny ýazan meşhur ýazyjy Atajan Tagan bu beýik şahs hakda gymmatly maglumatlary berýär. Ýazyjy Moskwanyň harby-taryhy arhiwindäki maglumatlaryň esasynda Gowşut hanyň 1878-nji ýylyň ortalarynda dünýäden ötendigini anyklaýar. Gowşut han daşary ýurtly içalylar tarapyndan zäherlenilip öldürilýär, Marynyň golaýyndaky Hoja Abdylla gonamçylygynda jaýlanylýar.

Gowşut hanyň köptaraply şahs bolandygyna oňa berlen bahalar şaýatlyk edýär. Ine, olaryň käbiri: «Kethudalar, adatça, akylly-paýhasly adamlardan saýlanýar. Şeýle kethudalaryň biri bolan Gowşut han başa iş düşende tiz çykalga tapmakda özgelerden tapawutlanýan çuň akylly bolany üçin, türkmenlerde ýokary derejäni eýeleýär» — Gulibef de Blokwil, 1861-nji ýylda Mary-gajar urşunda türkmenlere ýesir düşen fransuz topografy we suratkeşi. «Gowşut han ajaýyp serkerde» — Edgar Bulanže, fransuz generaly.

Gowşut handan Baba han, Baýramaly han, Hüjrep han, Nobat han, Hally han atly ogullar zürýat galypdyr. Gowşudyň uly ogly Baba han soň-soňlar polkownik çinini alypdyr. Gowşut hanyň nebereleri häzir Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.

 

(Dowamy bar).

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 134
  • 20.06.2020