MAKALA

Mina goragly K-4386 Typhoon-VDV sowutlanan awtoulag

Russiýanyň Kamaz kompaniýasy we «Ýörite ulag serişdeleriniň zawody» açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan K-4386 Typhoon-VDV sowutlanan ulagyň taslamasy işlenip düzüldi we taýýarlanyldy. Bu ulag 350 at güýjüne deň bolup, KAMAZ 610.10-350 dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 105 km-e deň bolup, birbada 1200 km ýol geçmäge ukyply. Typhoon K-4386 dürli päsgelçiliklere garşy ýarag ulgamlary bilen ýaraglanandyr. Ulagyň ýarag moduly özüne 30 mm kalibrli 2А4 topy hem-de 7.62 mm kalibrli tank pulemýodyny birleşdirýär. Ulagyň uzynlygy 6 metr, ini 2,54 metr, beýikligi 2,4 metr, agramy bolsa 11,000 kg.

  • 111
  • 20.06.2020