MAKALA

Söýün sapanly

Magtymguly etrabynyň merkezinden otuz kilometr töweregi günorta-günbatar tarapda Gargyjak diýlen ýerde bir aramgäh göreniň ünsüni özüne çekýär. Ony ýerli ilat «Söýün sapanly» diýip atlandyrýar. Söýün sapanly bilen baglanyşykly rowaýata öwrülip giden waka şeýleräk dilden-dile geçip, şu günlerimize gelip ýetipdir.

Irki döwürde Gargyjakda oturymly ilat ýaşaýar eken. Ol ýerde doglan Söýün ýaşlygyndan ýetim galyp, obanyň çekenesini bakypdyr. Bir gezek çekenesini dag etegine goýberen Söýün ileri tarapdan topar atlynyň gelýänini görýär we öz çolugyny oba adamlaryna habar bermek üçin ugradýar. Özi bolsa, oba adamlary gelýänçä ýagyny güýmemegi maksat edinýär.

Özlerine tarap gelýän ýigidi gören goşunbaşy geň galyp: «Bu ýerlerde näme işleýäň, sen gorkyny-ürkinem bilmeýän ýalyla?» diýip soraýar. Söýün özüniň çopandygyny, şeýle hem sapan atyp bilýändigini aýdyp, goşunbaşydan öz obalaryna çozmazlygy towakga edýär. Onda goşunbaşy: «Sen sapan atyp bilýän bolsaň, eýerimiň gaşyndaky kümüşi daş atyp urup bilseň çozmaýyn. Eger urup bilmeseň, obaňy özüme tabyn ederin» diýip şert goýýar.

Söýün şerte razy bolup, bir bölejik daşy sapanyna birikdirýärde nyşana dogrulap atýar. Şol pursat sapandan atylan daşyň şuwwuldysyna goşunbaşynyň aty çarpaýa galyp, ony atdan agdarýar. Bu ahwala gözi düşen goşunbaşynyň janpenasy ok atana tarap mäşäni gysýar... Birhaýukdan soň özüne gelen goşunbaşy seredip görse eýeriň gaşyndaky kümüş deşilipdir, esli aralykda bolsa sapan atan ýigit ýatyr...

Goşunbaşy bolan işe puşman edip başyny ýaýkaýar we ýigidi uly mertebe bilen jaýlamaga durýar. Oňa çenli oba adamlary hem ýetip gelýärler. Sözüne-lebzine ygrarly goşunbaşy oba ilatyndan ötünç sorap, talaňçylykdan ýüz öwrüp, yzyna dolanýar. Şondan soňra Gargyjak obasyna ýagy çozmasy kesilýär. Şeýlelikde, batyr çopan ýigit «Söýün sapanly» ady bilen halk hakydasynda galýar.

Häzirki döwürde Söýün sapanlynyň aramgähi watansöýüjiligiň, batyrlygyň, mergenligiň nusgasy hökmünde ygtybarly goralýar.

 

Gurbangeldi Sopyýew.

  • 89
  • 20.06.2020