MAKALA

Gyzykly matematika

Alymlar tarapyndan iň gadymy matematiki eser Swazilendde tapylýar.

Ilkinji aýal matematik Aleksandriýaly Gipatiýadyr. Ýagny, şol döwürde diňe erkekler alymdy. Şol wagtlar aýallar hatda okamagy hem bilmeýärdiler.

XVI asyryň ortalarynda Angliýaly matematik Robert Rekord tarapyndan ilkinji gezek «=» (deňdir) belgisi ulanylýar. Robert Rekord her gezek «=» belgisi deňlemelerde «deň» sözüni ýazmakdan ýadanlygy sebäpli ulanýar.

«π» (Pi) belgisini miladydan öňki VI asyrda hindi matematigi Budhaýan tarapyndan oýlanyp tapylýar.

Kwadrat deňlemeler hindi matematigi tarapyndan biziň eramyzyň VI asyrynda döredilipdir.

Goşmagyň we aýyrmagyň ilkinji alamatlary 500 ýyl gowrak mundan öň edebiýatda ýüze çykdy.

Häzirki wagtda iň uly san sentilliondyr. Bu birlik we alty ýüz noldan durýar.

«Matematika» sözi grekçe «matemadan» gelip çykyp, bu «öwretmek», «ylym», «gözleg» manylaryny aňladýar.

Bütindünýä matematika güni 6-njy martda bellenilýär.

Taý dilinde 5-nji belgä «ha» diýilýär, käbir taýlar klawiaturasyna 555 ýerine «ha ha ha» diýip ulanylýar.

Rim sanlarynda ýazyp bolmaýan ýeke-täk san «0» – dyr. Gadymy rimliler «0» sanyň ýerine «nulla» sözüni ulandylar.

 

Şatlyk Pygamow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

  • 108
  • 23.06.2020