MAKALA

Italiýanyň Kubogyna «Napoli» topary mynasyp boldy

Italiýanyň Kubogyna «Napoli» topary mynasyp boldy. Neapollylar Rimde oýnalan finalda «Ýuwentus» bilen duşuşdylar. Esasy wagty golsuz tamamlanan duşuşygyň 1-nji ýarymynda «Ýuwentus», 2-nji ýarymynda-da «Napoli» erjel oýun görkezdi. Netijede, oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda (4–2) has ussatlyk görkezen «Napoli» topary taryhynda 6-njy gezek Italiýanyň Kubogyny eýelemegi başardy. Mundan ozal 1962-nji, 1976-njy, 1987-nji, 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda kubogy eýelän «Napoliniň» tälimçisi Jennaro Gattuso tälimçilik karýerasyndaky ilkinji kubogyna mynasyp boldy. «Napoli» ýarym finalda «Interden» (0–1, 1–1), «Ýuwentus» bolsa, «Milandan» (1–1, 0–0) üstün çykypdy.

  • 80
  • 23.06.2020