MAKALA

Serbiýanyň täze M-20 MRAP 6x6 kysymly sowutly ulagy

M-20 MRAP ulagy Serbiýanyň 8 tonnalyk täze FAP 2228 LA (EURO 3) harby awtoulagynyň 6x6 kysymly şassisine esaslanýar, ol hem öz gezeginde, Mersedes-Benziň nusgasyna esaslanýar. M-20 sowutly ulagyň taslamasy «Zastawa Terwo», FAP (Surf) zawodlary we Belgrad harby-tehniki instituty tarapyndan amala aşyryldy.

Görnüşi ýaly, M-20 edil FAP 2228 ýük awtoulagy ýaly, Daimler Chrysler OM 9066 silindrli (2200 aýlaw/min, 279 at güýjüne deň) dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de oňa ZF 9S 109 awtomatiki transmissiýa oturdylandyr. M-20 3 adamly ekipažy bilen bilelikde 12 adama çenli gatnadyp bilýär. Sowutly ulag berlen nusgada 12,7 mm kalibrli pulemýot bilen ýaraglanandyr.

  • 98
  • 23.06.2020