MAKALA

Wysallara çenli

(Oýlanma)

 

Adatdaky endigime eýerip, öýümiziň golaýyndaky seýilgähe gezelenje çykdym. Daşarynyň tämiz howasy, töwerekdäki al-ýaşyl öwsüp oturan baglar, älemgoşara çalymdaş dürli reňkdäki güller, asmanyň asudalygyny buşlap iki ýana uçýan guşlaryň jürküldileri maňa bir zady ýatladýardy. Tebigatyň şeýle ajaýyp pursatlary bilen her gün diýen ýaly didarlaşsamam, göwnüme bolmasa, bu gözellikler kalbymda gizlenip ýatan bagtly pursatlar hakda söhbet edýän ýalydy. Üstünden eslije wagt geçenem bolsa, şol bagtly pursatlar kalbymda baky ýaşaýar. Ol günleri ýatlamak meniň üçin uly bagt. Heý-de, seniň bilen geçen bagtly, şatlykly günleri ýatdan çykararynmy?!

Dumly-duşa gözelligini paýlap oturan bu seýilgäh maňa diňe seni däl, eýsem, çagalyk döwrümi hem ýatladýar. Her gezek owadan baglaryň, giden çemenzarlyklaryň arasynda oturyp, bileje oýnan pursatlarymyzy, al-gyzyl gülleriň üstüne gonýan kebelekleri kowalaýşymyzy ýatlaýaryn. Her ýyl bahar geleninde halaýan güllerimiň gül açandygyny buşlaýan günleriňi göz öňüme getirip ýylgyrýaryn...

Şu wagtam şol gözellikleri synlap otyryn. Ýanýodanyň gyralary durşuna güller bilen jäheklenipdir. Biri-birine gol uzadyp oturan çynarlaryň ýanynda goşa gumrulara meňzeş juwanlar bagtly pursatlary ýatlap gülüşýärler. Olara guwandym. Derrewem seniň bilen geçirjek şeýle bagtly pursatlary göz öňüme getirdim. «Ömür» atly kitabymyza olaryň gaty köp ýazylmagyny arzuw etdim. Şol barmana-da kiçijek oglanjygyň ejesine barmajyklary bilen asmanda uçup barýan uçary görkezip: «Eje, ulalsam uçarman boljak» diýen sözleri meni özüne çekdi. Şonda kiçijek arzuwlaryň aňyrsynda uly umytlaryň bardygyna, çynyň bilen arzuw etseň, oňa ýüregiň bilen berilseň hasyl boljakdygyna göz ýetirdim. Öz ýanymdan şol oglanjygyň ýüreginde beslän arzuwynyň hasyl bolmagyny isledim.

Ol arzuw maňa seni ýatlatdy. Ýadyňa düşýärmi, çagalykdan serhetçi serkerde bolmagy arzuw edýärdiň. Ylaýyjak iki ýyl mundan öň şu seýilgähde harby gulluga gidýäniňi aýdypdyň. Watanymyzyň başlanýan ýerinde saba-säheri garşy alyp, Günüň tyllaýy şapagynyň batyşyna şaýat bolup, mukaddes serhedimizi gorajakdygyňa begenişiňi diýsene şonda. Esger ýoldaşlaryň bilen geçirýän bagtly günleriň hakynda gürrüň berip, olar bilen bile düşen suratlaryňy ugradardyň. Ençeme menzilleri söküp gelýän esger hatlaryňy okap, watançy esgerdigiňe, asuda serhedimizi gözüň göreji ýaly goraýandygyňa guwanardym. Men ol hatlara gaty sabyrsyzlyk bilen garaşardym. Soňky ýazan hatyňda bolsa ýene sanlyja günlerden harby gullugyňy gutarýandygyňy, geleňsoň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge synanyşjakdygyňy aýdypsyň.

Hawa, şu gün seniň Watan gullugyna gideniňe tegelek 2 ýyl dolýar. Nesip bolsa, geleňsoň bu ýerdäki özgeren zatlaryň barysy bilen tanşarsyň. Halaýan güllerimiň giden bir çemenzarlyk bolandygynam görersiň. Göwnüme bolmasa, häzir hol görünýän gözýetimden esger lybasly, eliň gülli geläýjek ýaly bolup dursuň. Men bolsa nazarymyň mähriban keşbiňe sataşjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyryn...

 

Selbi Aşirowa.

  • 88
  • 23.06.2020