MAKALA

Mukaddes sanlar

Adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden başlap hasaplamak zerurlygy döräpdir. Adamlar ilki-ilkiler diňe barmaklary bilen sanapdyrlar we ähli zady şol möçberde hasaplapdyrlar. Soňabaka sanalýan zadyň ösmegi hem durmuşyň talaby bilen köp zatlary sanamaly bolanlarynda adamlar daşjagazlary, taýajyklary, çöpleri ulanypdyrlar. Halklaryň käbiri taýaklaryň ýüzüne kertik edipdirler ýa-da uzyn ýüpe düwün salypdyrlar. Şeýdibem sanamak hem hasaplamak adamzat durmuşyna ymykly ornaşyp, gitdigiçe kämilleşipdir. Ýöne heniz ýazuw döremänkä, sanlary nähili belländikleri hem-de olary nähili atlandyrandyklary barada doly maglumat bolmasa-da, ilkidurmuş adamlarynyň özleriçe hasap ýöredendigi bellidir. Ýazuw edebiýaty döränden soň, halklaryň hemmesinde diýen ýaly sanlary atlandyrmak hem-de hasaplamak başlanypdyr diýip alymlar çaklaýarlar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşan Pifagor hem-de onuň şägirtleri sanlary nokatlar görnüşinde belläpdirler. Olary bolsa üç, dört ýa-da bäşburçluk görnüşinde ýazypdyrlar. VIII asyrda sanlar arap elipbiýindäki sözler bilen ýazylypdyr. Bu usul adamzat üçin örän çylşyrymly bolupdyr. Oňa il arasynda «ebjet hasaby» hem diýilýär.

Diňe XV asyrdan soň sanlary ýazmak düzgüni belli bir usulda ulanylýar. Arap sanlary diýlip atlandyrylýan 0, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9 sanlar durmuşa ornaşýar. Bu birlik sanlar hindileriň usuly bolup, ol Hindistandan ilki ýakyn Gündogara, Orta Aziýa, soň hem Ýewropa ýaýraýar.

Taryhy maglumatlara ser salnanda, sanlaryň adamlaryň durmuşyndaky täsirine duş gelmek bolýar. Islendik beýik adamlary alyp göreniňde, olaryň öz hormat goýup, ynanan sanlarynyň bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, Rim imperatory Karl IV görkezmek bolar. Ol dörtlük sana aýratyn sarpa goýupdyr. Şol sebäpli hem ähli zadyň dörtden bolmagyny isläpdir. Onuň ýurdunyň dört paýtagty, dört sany köşgi, her köşgüň bolsa dört gapysy, dört penjiresi, hersinde dört stol, dört çyrasy bolupdyr. Hatda, kellesine geýen täji hem dört metalyň garyndysyndan ýasalypdyr. Ol dört dili suwara bilip, dört dilde gepläpdir. Günde dört sapar saçak başyna geçip, her gezek hem dört dürli tagam iýipdir. Bu dörtlükler belki imperatoryň dörtlük sanyny gowy görmegi, oňa aýratyn sarpa goýmagy, onuň özüniň Karl dördünjidigi bilen bagly bolmagydyr.

Mundan başga-da, aýratyn sanlara sarpa goýýan taryhy şahsyýetlerden Fransiýanyň koroly Genrih IV görkezmek bolar. Ol 14 sany gowy görüpdir. Sebäbi, onuň ady doly ýazylanda 14 harpdan ybarat eken. Onuň 14-nji dekabrda dogulandygynyň bu sana aýratyn garaýandygynyň sebäbi bolmagy mümkin.

Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky hem sanlara öz durmuşynda uly orun beripdir. Ýedä hormat goýmak, şol sana üýtgeşik garamak halkyň durmuşynda köp asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Her aýyň 7-si, 17-si, 27-si iň şowly günler hasaplanypdyr. Halkyň arasynda «Başga zady bilmeseň, üç ýedini ýat bekle» diýen düşünje hem 7-ä aýratyn sarpa goýulýandygyndan habar berýär. «Ýedi ölçe, bir kes», «Ýedi ýoluň üsti» düşünjeleri hem ata-babalarymyzyň durmuşynda uly orun eýeläpdir.

 

Taýýarlan Şamyrat Muhammetgurbanow.

  • 94
  • 24.06.2020