MAKALA

Serhetçi oglum

Ýurda söýgi gursagynda gaýnaýan,

Batyr esger meniň serhetçi oglum.

Arkadagyň saýasynda ýaýnaýar,

Batyr esger meniň serhetçi oglum.

 

Watan öňündäki mukaddes borjy,

Bar onda Göroglyň mertligi, güýji,

«Baky parahatlyk başlaryň täji»,

Diýýän esger meniň serhetçi oglum.

 

Synlap onuň batly gadam urşuny.

Başyn belent tutup, merdem durşuny,

Görüň, yhlas bilen gadam urşuny,

Batyr esger meniň serhetçi oglum.

 

At-abraýa, sylag-sarpa eýe ol,

Gerek bolsa Watan üçin gaýa bol,

Ata ýurda, il-günüňe söýe bol!

Batyr esger meniň serhetçi oglum.

 

Oguljennet Nazarowa,

Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebin mugallymy.

  • 80
  • 24.06.2020