MAKALA

«Serhet owazlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan «Serhet owazlary» atly aýdym-sazly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Geçirilen bäleşige tomaşaçy hökmünde serhetçiler bilen bir hatarda ýerli edara-kärhanalaryň agzybir işgäleri, şol sanda  Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri, Demokratik partiýasynyň işewür agzalary uly höwes bilen gatnaşdylar.

Bäsleşik aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýan serhetçileriň arasynda geçirilip, onuň baş maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaş harby gullukçylaryň medeniýete we sungata bolan höwesini artdyrmakdan, olaryň watansöýüjilik ruhuny ýokary götermekden, şeýle hem harby bölümlerde aýdym-saz sungatyna höwesli harby gullukçylary ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Bäsdeşler türkmen halk aýdymyny hem-de günsaýyn ösýän ýurdumyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny, durmuşa geçirýän harby özgertmelerini, dost-doganlyk araçäklermizi, gyzykly gulluk durmuşlaryny wasp edýän aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Joşgunly sazlaryň astynda buýsançly ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Bäsleşige adalatly baha beren halypa emin agzalary uzak masalahatyň dowamynda şeýle netijä geldiler: baş baýraga Aky Akyýew, 1-nji orna Ahmet Gandymow, 2-nji orna Kuwwat Durdyýew, 3-nji baýrakly orna bolsa Kemal Möwlamberdiýew bilen Myratnepes Ataýew dagylar mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiş gazananlara Gullugymyzyň adyndan ýörite sowgatlar we Hormat hatlary, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda bäsdeşleriň hem tomaşaçylaryň bilelikde şowhunly ýerine ýetiren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly aýdymy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza ýüreklerden çykan alkyşnama bolup ýaňlandy.

 

«Serhet abat — döwlet abat».

  • 108
  • 24.06.2020