MAKALA

Ronaldo rekordlarynyň hataryna ýene birini goşdy

Birnäçe rekordyň eýesi, super ýyldyz Kristiano Ronaldo rekordlarynyň hataryna ýene birini goşdy. «Ýuwentusyň» ýyldyzy Angliýadyr Ispaniýadan soň, Italiýada-da iň köp gol geçiren portugal futbolçysy boldy. Ol «Ýuwentusyň«, «Bolonýany» 2-0 ýeňen oýnunda toparynyň 1-nji goluny penaltiden derwezä girizipdi. Şeýlelikde, Ronaldo «Serie A»-daky gollarynyň sanyny 22-ä ýetirip, Italiýanyň çempionatynda iň köp tapawutlanan portugal futbolçysy rekordyny täzelemegi başardy. Bu ugurda ozalky rekord 1994-2006-njy ýyllar aralygynda «Fiorentina» we «Milanda» oýnan Manuel Rui Koşta degişlidi (21 gol). 35 ýaşly super ýyldyz «Mançester Ýunaýtedde» 196 oýunda 84 gol, «Real Madridde» bolsa, 292 oýunda 311 gol geçirip, «Premier liganyň» hem-de «La Liganyň» iň netijeli portugaliýa futbolçysy diýen ugurda rekordlaryň eýesidir.

  • 77
  • 24.06.2020