MAKALA

Milli söwda nyşanly telewizorlar: innowasiýalar we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Smart TV platformaly we IP-týunerli telewizorlary ýygnamaga hem-de olary synagdan geçirmäge girişdi. Alyjylara telewizoryň suwuk kristal ekranly we 4K Ultra HD görnüşli, diagonaly 32 hem 42 dýuým «Tolkun», şeýle hem 55 dýuým «Zemin» nusgalary teklip ediler. Olar zerur interfeýs we set utilitleri bilen üpjün ediler.

Täze kärhana ýylda içki bazara we eksporta niýetlenen telewizorlaryň 100 müňüsini çykarar. Olar Xin Hong Bo Trading Limited kompaniýasynyň (Hytaý) tehnologiýasy we komplektleýjileri ulanylyp ýygnalýar.

Täze kärhana Aşgabadyň ozalky «Türkmenkabel» zawodynyň meýdanynda döredildi. Bu ýerde täzeden gurnama işleri geçirildi, ýygnama enjamlary oturdyldy, arassaçylyk zolaklary, elektron komponentleri ýygnamak üçin tämiz otag we beýleki uçastoklar enjamlaşdyryldy. Plastmas önümleri taýýaralaýan önümçilik bölüminde ýerli çig maldan gabara detallaryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Goşmaça iş orunlarynyň 130-sy döredildi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti – elektron we elektrotehnika senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak we eksporta gönükdirmek strategiýasynyň jähtinden döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy H.Abdyrahmanow esaslandyrdylar. 2017-nji ýylda bu ýerde ýaşaýyş we senagat otaglarynda ulanylýan LED-çyralar, depelik çyralar, köçe yşyklandyryjylar önümçiligi işe girizildi. Kompýuterleri, planşetleri, ýurduň bilim edaralary üçin bilim berýän kompýuterleri ýygnamak ýola goýuldy.

  • 117
  • 24.06.2020