MAKALA

Kösenme

Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy...

Otyryn bularyň jogabyn tapman.

Duşmadym bir elde iki garpyzly

Ýadyma düşenok çykaran hokgam.

 

Arzuwlaryň günbe-günden ösende,

Aňsatmy olara eşik tikäýmek.

Sen depäme çykjak bolup kösenme,

Özüm seni täç ederin depäme,

Ezizim.

 

***

 

Habar tutdum dost-ýar, tanyş gyzlardan,

Uzakdan görünýär kimiň kimligi.

Ýüregim dolupdyr aýak yzlardan,

Ine, onuň artyklygy, kemligi.

 

Bolsak-da biz çar tarapa rowana,

Habarlaşmak gerek entek-enteg-ä.

Meňzemesin ömrümiz, goý, romana...

Höwesekdir päk ýürekler ertekä.

 

Süleýman Haýdarow.

  • 96
  • 25.06.2020