MAKALA

Ýurt asudalygynyň bähbidine

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda goşuny dolandyrmak, bölümçeleriň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatynda serkerdeleriň bilim derejelerini, tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen serhet galalaryň serkerdeleri bilen okuw ýygnanyşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle okuw ýygnanyşygy, golaýda Gullugymyzyň serhet birikmelerinde geçirildi. Onda aýry-aýry ugurlar boýunça tejribeli serkerdeler serhet goragyny amala aşyrmakda öňde durýan wezipeleri jikme-jik düşündirdiler. Okuw ýygnanyşygynda tomus paslynyň gelmegi bilen bagly yssydan, Gün urmadan goranmak çärlerine hemmetaraplaýyn seredilmelidigi hem nygtaldy. Döwlet serhediniň goragynda gazanylan üstünlikler, ýerine ýetirilen wezipeler, halkymyzyň parahat durmuşyny, eziz Watanymyzyň asudalygyny, milli baýlyklarymyzy goramakda geljekde ýerine ýetirilmeli işler babatynda geçirilen okuw sapaklary hem örän täsirli boldy.

 

Maksat Gurbow.

  • 117
  • 25.06.2020