MAKALA

«Serhetçi» ýurdumyzyň futzal boýunça naýbaşy ligasyna gatnaşýar

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary geçirilýär. Geçirilýän duşuşyklaryň üç tapgyry hem Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýardam bermeginde Mary şäherinde oýnalýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, sekiz topar öz aralarynda bäsleşip, olaryň hersi biri-biri bilen dört oýun geçirer (goşmaça habar).  

Türkmenistanyň futzal boýunça toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» toparynyň-da bardygyny ýatladýarys. Serhetçi türgenlerden düzülen «Serhetçi» futzal topary gürrüňini edýän tapgyrlarymyzda «Migrasiýa», «Senagatbank», «Daýhanbank» futzal toparlary bilen duşuşar. Bu oýunlar ýaş serhetçi futzalçylaryň tejribesiniň artmagyna uly ýardam eder.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 76
  • 25.06.2020