MAKALA

Hornet inkas 4x4 BTR

Hornet 4x4 kysymly sowutlanan ulagy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Inkas Vehicles LLC» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanandyr. Ulag «Toyota Land Cruiser-79» şassisine esaslanýar. Inkas Hornet 4x4 ulagyň üçegine bir adamlyk depesi açyk başnýa oturdylandyr. BTR 7,62 mm, 12,7 mm kalibrli pulemýotlar bilen ýaraglan. Ol uzak aralykdan dolandyrylýan ýarag bekedi bilen enjamlaşdyrylandyr. Inkas Hornetiň gurluşy üç bölege bölünýär: öňünde sürüjiniň we serkerdäniň oturgyçlary, ortada goşun bölegi we yzky tarapy bolsa ýük bölegi. Awtoulagyň her gapdalynda demir torly ok geçirmeýän penjireler bilen enjamlaşdyrylan iki gapy bardyr. Inkas Hornet 195 at güýjüne deň bolan 4.5l V8 turbodizel hereketlendirijisi bilen işleýär. Ulagda iki sany 90 litrlik ýangyç baky bardyr. Onuň agramy 4500 kg, uzynlygy: 5,28 m, ini 1,89 m, boýy başnýasyz 2,29 m.

  • 99
  • 25.06.2020