MAKALA

HAJY ARKADAGYMYZYŇ ÝOLY – HALKYŇ ÝOLY

Halkyň, ýurdyň Lideri bolmak nämäni aňladýar? Çünki bu wezipe-de däldir, at hem däldir, munuň özi ynama, umumy gymmatlyklara we maksatlara bolan umumy garaýşa ygrarlylyga esaslanan milli jebisligiň ýüze çykmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň baş gymmatlygynyň adamdygyny, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksat ugrunda hem ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere hem-de beýik işlere besläp, Türkmenistany ynamly öňe alyp barýar.

Halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň tutuş durmuş-ykdysady syýasatynyň özeninde durýar.

Iň batyrgaý pikirler we giň gerimli özgertmeler, iri möçberli taslamalar hem-de toplumlaýyn maksatnamalar halkymyz, onuň mynasyp geljegi baradaky aladalardan gelip çykýar, şol özgertmelerdir maksatnamalaryň, taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzy ösüşiň köp ölçegleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarýar, onuň halkara abraýyny artdyrýar.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan bu düýpli işleriň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasly hyzmaty, düýpli jogapkärçiligi, strategiki çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi, parasatlylygy we öňden görüjiligi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça milli Liderimiziň ýadawsyz işleri durýar.

Lider bolmak — ynamly, güýçli, maksada okgunly şahsyýetiň diňe bir çagyrmak bilen däl, eýsem, öz ähli tagallalaryny we tejribesini netije gazanmaga sarp etmäge zerur bolan ugurlary döretmek bilen nusga bolup durýan hereketi amala aşyryp bilmegidir.

Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynyň rowaçlanmagynyň, çagalarymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine şunuň ýaly ýadawsyz işleri alyp barmagyň nusgasyny milli Liderimizde görüp, türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlaryny goldamak hem-de onuň öňe sürýän maksatlarynyň töweregine jebisleşmek bilen döredijilikli zähmete ruhlanýarlar.

Hut halka daýanmak ykdysadyýetde we ýurdumyzyň durmuş ulgamynda ägirt uly üstünlikleri gazanmagyň esasy hem-de aýgytly şerti bolup durýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözlerini milli Liderimiziň ýakynda welaýatlar boýunça amala aşyran iş saparlary hem tassyklady. Şol saparlaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi ýerlerde özgertmeleriň we maksatnamalaýyn çäreleriň ilerledilişi bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz kärendeçiler, maldarlar, obada zähmet çekýän beýleki adamlar hem-de talyp ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň durmuşy, işleri, häzirki aladalary we geljekdäki meýilnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy.

Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň adamlaryň arzuw-isleglerine, maksatlaryna hem-de gyzyklanmalaryna inçelik bilen üns berýändigine şaýatlyk edýär. Ýerden oýlanyşykly peýdalanyp bilýän ýer eýeleriniň täze neslini kemala getirmek obasenagat toplumynda özgertmeleriň üstünlige beslenmeginiň esasy şertidir diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Bu şert hem işiň beýleki ugurlaryna-da degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň daýanjy bolmak bilen bir wagtda, onuň hakyky, ýagny çäksiz mümkinçiliklerini açyp, ildeşlerimizde öz ykballaryna hem-de Watanymyzyň ykbalyna düşünjeli we jogapkärli garamaga itergi berip, ukyp-başarnyklaryna pugta ynamy döredýär.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky köp sanly wakalaryň her biri, goý, ol täze durmuş we senagat desgalarynyň açylmagy ýa-da düýbi tutulmagy, sebit hem-de halkara ähmiýetli uly energetika, ulag, senagat taslamalarynyň ulanmaga berilmegi, ynsanperwer ulgamda — ylym we bilim, medeniýet, sport ugurlarynda özgertmeler bolsun, şol wakalaryň her biri ýurdumyzyň depginli ösüşiniň gerimini hem-de onuň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär.

Halkymyzyň durmuşynda adaty ýörelgeleriň — onuň kalbynyň, özboluşlylygynyň, ahlak ugurlarynyň we taryhy mirasynyň häzirki günüň täzelikleri hem-de ýokary tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy hem yza dolanuwsyz öňe hereket etmegimiziň ugruny emele getirýär.

Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete, ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kuwwatly senagat önümçilikli ýurda öwürmek baradaky wezipäni öňde goýup, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini hem-de bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ugurlara ählumumy sanlylaşdyrmagy ornaşdyrmagy möhüm şert hökmünde kesgitledi.

Bu işler hem nesillerimiziň geljegi baradaky pikirlerden ugur alýar. Häzirki ýaş nesilleriň ertir iň döwrebap tehnologiýalara we ygtyýarlyklara eýe bolup, netijeli we özüne ýeterlik ykdysady toplumlary, kuwwatly ylmy-tehniki mümkinçiligi, durmuş taýdan goragly jemgyýeti bolan hem-de ösüş derejesi boýunça dünýäniň ösen döwletlerinden pesde bolmadyk kuwwatly ýurdy öz ellerine almagy üçin kuwwatly binýat döredilýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, başlanan özgertmeleri dowam etmek üçin bolsa täze garaýyşly hünärmenler örän möhümdir —bu barada milli Liderimiz aýratyn nygtap, halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada aýdýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryna goşulýar.

Bu barada mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda geçiren iş maslahatynda-da beýan edildi. Şonda bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşyna garaldy, şeýle hem СOVID-19 ýokanjynyň milli ykdysadyýetimize ýaramaz täsirini azaltmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokanjyň ýaýramagyna garşy hereket etmekde gazanylan ajaýyp üstünlikler üçin Türkmenistan lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi bolan milli Liderimiziň aýgytly çözgütlerine hem-de öňden görüjiligine minnetdar bolunmalydyr. Hut şol çözgütlere laýyklykda, ýurdumyzda durnukly epidemiologik we ykdysady ýagdaýy saklamaga mümkinçilik beren öňüni alyş çäreleri öz wagtynda görüldi.

Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüş derejesi islendik döwletiň ilatynyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet gurluşynyň hem-de durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Çünki bu ulgamda esasy ýagdaýlar jemlenip, döwletiň alyp barýan işlerine «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen düşünje bilen kesgitlenilýän ynsanyýet ölçegini, gymmatly many-mazmuny berýär.

Ýöne, giň gerimli bu işlerde, esasy zat — bularyň ählisiniň biziň topragymyzda ýaşaýan adamlaryň bähbidi we abadançylygy üçin amala aşyrylýanlygyndadyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny we ruhy ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamasy täzeçilligi, öňde goýlan wezipeleriň giň gerimliligi, batyrgaýlygy, ählitaraplaýyn döredijilikli çemeleşmesi we şunuň bilen birlikde, onuň durmuşa geçirilmegi üçin serişdeleri tapmagyň iş ýüzündäki esaslandyrmasy bilen tapawutlanýar.

Ýurtda yzygiderli görülýän çäreleriň aýdyň we täsir galdyryjy netijeleri äşgär hakykaty ýüze çykarýar: Türkmenistana özüniň gurplydygyny we kämildigini subut etmegiň zerurlygy ýok — onuň durnuklydygyna dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge barha artýan gyzyklanmalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwrüň möhüm meselelerini çözmekde köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň eýeleýän ornuny aýratyn bellemek zerurdyr.

Birleşen Milletler Guramasy dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny dolulygyna goldaýar, munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, şol sanda ulag, energetika, ekologiýa we beýlekiler boýunça kabul edilen Kararnamalarynyň birnäçesi hem şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň teklibi boýunça BMG Bütindünýä welosiped gününi hem tassyklady we öňümizdäki 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak! Munuň özi adamzadyň häzirki wagtda iň uly isleg bildirýän gymmatlygydyr, sebäbi häzir biri-birinden aýry bolmadyk bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş şertine öwrülýär.

Ýer ýüzüniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk we rowaçlyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhubelentlik we dostluk — bularyň ählisi şu ýyl 25 ýyllygy belleniljek bitaraplyk derejesine eýe bolan garaşsyz döwletimiziň Baştutany hökmünde çykyş eden milli Liderimiziň maksatlaryny özünde jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň daşary syýasatynyň içerki syýasatdan bölünmezdigini belledi. Şu arabaglanyşykda ýurdumyzyň garaşsyz we özbaşdak ösüşiniň şerti hökmünde bitaraplyga düşünmegiň açary jemlenýär.

Jemgyýetde, içerki durmuşda parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk, açyklyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz edip hem-de amala aşyryp, türkmen döwleti bu düşünjeleri daşary döwletlerbilen özara gatnaşyklaryna hem beýan edýär we şol bir wagtda hemme gowulyklary, daşary ýurtlarda bar bolan ösüşler we peýdaly işleri öz tejribesine ornaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň durmuş derejesini has ýokary belentlige galdyrmak üçin biz gazanylan üstünlikler bilen arkaýynlaşmaly däldiris. Öňde täze, örän çynlakaý çemeleşmeleri we öňden görüjilikli çözgütleri talap edýän jogapkärli wezipeler durýar.

Şol wezipeler hem milli meýilnamalara laýyklykda ädimme-ädim, yzygiderlilikde we toplumlaýyn çözülýär. Biz “toplumlaýyn” diýen sözi ýöne ýere ulanmadyk.Adamyň özüni bagtyýar duýup ýaşamagy üçin maddy baýlyklar bilen bir hatarda ruhy-ahlak baýlyklary hem zerur.

Hajy Arkadagymyz bu meseleleri-de ünsden düşürenok. Ýurtda adamlaryň uýýan dinine garamazdan, dini-ygtykady amallary ýerine ýetirmekleri üçin zerur şertler döredilendir.

Bu gün milli Liderimiz – hajy Arkadagymyz 63 ýaşaýar. 63 ýaş – yslam dünýäsinde mukaddes menzil, pygamber ýaşy. Pygamber ýaşyna ýetmek – uly mertebe, döwletlilik. Milli Liderimiz şol döwletliligiň hözirini mähriban halkyna paýlaýar. Hajy Arkadagymyzyň ýoly halkyň ýoludyr. Munuň şeýledigini biziň her birimiz özümiziň gündelik durmuşymyzda görüp gelýäris hem-de munuň üçin hajy Arkadagymyza müň mertebe alkyş aýdyp, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edýäris.

Türkmenistan abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň belentliklerine tarap maksada okgunly hereket edýär hem-de bu hereketlere döwlet Baştutanymyzyň işjeň, özgerdiji güýç-kuwwaty, halkymyzyň jebisligini we ruhuny ýüze çykarýan Liderligi güýçli itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri bilen ýol görkezýäniň däl-de, şol ýollary çekýäniň hem-de bu işde jogapkärçiligi we zähmeti, kynçylyklary ilkinji bolup öz üstüne alýanyň hem-de strategiýasyny oýlap düzýäniň Liderdigini görkezýär.

Milli Liderimiz ýolbaşçylyk edip ugrukdyrmak bilen birlikde, guraýar, jebisleşdirýär hem-de pikirdeşleriň uly toparyna – tutuş ýurdumyza baştutanlyk etmeginde işleýär.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hereketi ýyl-ýyldan täze depginlere eýe bolýar. Ol hereket maddy, ruhy, syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryny döretmegiň üznüksiz işlerinde jemlenip, ýurdumyzyň ösüşinde hil taýdan üýtgeşmeleri, halkymyzyň döwrüň islegine laýyk barha artýan abadançylygyny üpjün edýär.

Adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we döwletiň gülläp ösüşini gazanmak bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş aladasy hem-de maksadydyr.

  • 30
  • 29.06.2020