MAKALA

Pähimi durlaýan we gam-gussany dep edýän hekaýatlar

Iň eziz kim

Bir gezek Hosrow patyşadan sorapdyrlar:

— Iň oňat görýäniň haýsy ogluň?

Ol şeýle jogap beripdir:

— Men olaryň düzgün-tertibi berk tutýanyny, binamyslykdan gorkýanyny, jemgyýetde belent derejä ýetmäge jan edýänini oňat görýärin.

 

Köşeşmegiň dört usuly

Bir ýola Buzurjmihr zyndana düşende dostlary oňa şeýle sowal beripdir:

— Sen bu betbagt günüňde köşeşmek üçin özüňe nähili göwünlik berýäň?

Ol dostlaryna:

— Men dört pähimi häli-şindi gaýtalap ýörün. Birinjiden, men özüme «Ähli zat maňlaýyňa ýazylandyr, ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz» diýýärin. Ikinjiden, men özüme «Bu horluklar saňa bagly zat däldir, şonuň üçinem çydamalysyň» diýýärin. Üçünjidenem, men özüme «Sen mundan agyr betbagtlyga-da uçrap bilerdiň» diýýärin. Dördünjiden bolsa, men özüme «Halas boljak pursadym ýakynlap ýörendir, meniň bolsa hiç zatdan habarym ýokdur» diýýärin.

 

Abul Farajyň «Geň-enaýy gürrüňleriň» kitabyndan.

  • 74
  • 29.06.2020