MAKALA

Marsa dikuçar iberiler

ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA Mars planetasynda dürli açyşlary etmäge kömek etjek kiçi göwrümli dikuçary taýýarlady. Kiçi göwrümli dron indiki aýyň 22-sine uçuryljak «Perseverance» atly 6 tigirli robot bilen bilelikde Gyzyl planeta iberiler. «Perseverance» ol ýerde ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemäge we ol ýerden topragyň nusgalarynyň getirilmegine ýardam eder. Beýleki asman jisimlerine haýsydyr bir uçuş amala aşyrylanda onuň Ýere iň golaý wagty saýlanyp alynýar. Bu uçuş hem şeýle bolar. Ýeriň we Marsyň Günüň daşyndaky aýlawlary deň bolmandygy sebäpli bu iki planetanyň arasyndaky uzaklyk üýtgeýär. Şol sebäpli 11-nji awgustdan öň uçuşyň amala aşyrylmalydygy mälim edildi. Eger haýsydyr bir sebäp bilen raketa uçurylmasa, onda 2022-nji ýylyň güýz aýlaryna çenli 26 aýlap garaşylmaly bolar. Uçuş wagtynda amala aşyrylan ýagdaýynda «Perseverance» indiki ýylyň fewral aýynyň 18-ine Marsa baryp gonar. Ol Ýere gondurylan dikuçar bolsa, üç aýlap Günden zarýad alandan soňra uçmaga taýýar bolar.

  • 65
  • 29.06.2020