MAKALA

30 ýyldan soň «Liwerpul» çempion

Mundan 30 ýyl ozal, Angliýanyň milli futbol çempionaty bolan «Premier Ligada» çempion bolan «Liwerpul» topary täzeden çempion bolmak arzuwyna ýetdi. Milli çempionatda ikinji orunda barýan «Mançester Siti» toparynyň «Çelsi» toparyna 2:1 hasabynda ýeňilmeginden soňra «Liwerpul» çempionatyň tamamlanmagyna 7 hepde galandygyna garamazdan, wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, «Liwerpul» topary 2019-2020-nji möwsümiň çempiony boldy. «Liwerpul» bilen «Manseçter Siti» toparynyň arasyndaky aratapawut 23 utuga deňdir.

Iň soňky gezek 1990-njy ýylda irlandiýaly tälimçi Kenni Dalglisiň tälimçiliginde çempion bolan «Liwerpul» bu gezek germaniýaly tälimçi Ýürgen Kloppyň ýolbaşçylygynda özüniň ynamly çempionlygyny gazandy. «Liwerpul» topary 19-njy gezek çempion bolup, täze üstünlige ýetdi.

Toparyň üstünlik gazanmagynda ähli futbolçylaryň paýy uludyr. Sadio Mane, Mohammed Salah, Wirjin wan Deýk, Jemýs Milner, derwezeban Alisson Bekker ýaly ähli futbolçylar öz mynasyp goşandyny goşdular.

«Liwerpul» bu çempionlyk ýolunda 44 oýunda utulman geldi. Yzly-yzyna köp sanly ýeňişler gazandy.

  • 61
  • 29.06.2020