MAKALA

«Serhet owazlary» Şa serpaýynyň eýesi

Düýn paýtagtymyzda Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly at­la­ry­na my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni we ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň hem­-de ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň yg­lan eden «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bu abraýly bäsleşikde Türkmenitanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz we tans topary hem ýeňiji boldy.

Dabarada bäsleşigiň ýeňijileri, döredijilik, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleri, aýdymçy sazandalar we beýlekiler bilen bir hatarda «Serhet owazlary» aýdym-saz we tans toparymyza hem gymmat bahaly sylag, pul baýragy gowşuryldy.

«Serhet owazlary» aýdym-saz we tans toparymyzyň bu bäsleşige yzygiderli gatnaşyp gelýändigini we birnäçe gezek ýeňiji bolandygyny belläp geçmek ýakymlydyr. Sylaglanyş dabarasyndan soň «Serhet owazlary» aýdym-saz we tans toparynyň ýolbaşçysy M.Gündogdyýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Şa serpaýy biziň aýdym-­saz toparymyzyň her bir harby gullukçysyny täze-­täze üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň üçin biz toparymyzyň ähli harby gullukçylarynyň adyndan hormatly Belent Serkerdebaşymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirip, sagbolsun aýdýarys. Biziň aýdym-­saz toparymyz indi ýylyň-­ýylyna bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolup gelýär. Munuň düýp sakasynda bolsa, elbetde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary dur. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýakyn goldawy netijesinde toparymyza täze-­täze saz gurallary, zerur bolan enjamlar yzygiderli satyn alynýar.

Biz toparymyz bilen döwlet derejesinde geçirilýän konsertlerde, Gullugymyzyň çäklerinde gurulýan binalaryň açylyş dabaralarynda, baýramçylyk çärelerinde, şeýle-­de ýörite iş meýilnamamyz esasynda harby bölümlerde, serhet galalarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, konsert programmalarymyz bilen çykyş edip durýarys. Serhetçi esgerlere, harby gullukçylaryň maşgalalaryna ruhy lezzet paýlaýarys. Esasan-­da ýurdumyzyň çet künjeklerindäki serhet galalarda edýän çykyşlarymyz has­-da täsirli bolýar, aýdymlarymyzy uly ruhubelentlik bilen diňleýärler.

Biziň toparymyzda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halypa­-şägirtlik gatnaşyklary hem kemsiz ýöredilýär. Toparymyzyň harby gullukçylarynyň aglabasy esgerler bolup, olar iki ýyllyk gulluk möhletiniň dowamynda tejribeli serkerdelerden, öň­den gulluk edip ýören esgerlerden saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny ussatlyk bilen ele alýarlar. Harby gullugyny tamamlap gidenlerinden soň öz ugurlary boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip, ýokary bilim alyp ýörenleri­-de az däl. Bizi buýsandyrýan zatlaryň ýene biri biziň toparymyzda gulluk edip, kämillik ýoluna düşen ýigitlerimiziň birnäçesi häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynda medeniýet, aýdym-saz ulgamlarynda zähmet çekip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Biziň çekýän zähmetimizi, Watan öňündäki gullugymyzy üns merkezinden düşürmeýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Biz geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman, mähriban Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, harby kasama wepaly bolup, ak ýürekden gulluk ederis.

 

«Serhet abat — döwlet abat».

  • 82
  • 29.06.2020