MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi.

Bu şanly sene uly dabara bilen bellenilýär. Onda halkymyzyň bagtyýarlygy we agzybirligi öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ählumumy ähmiýete eýe bolan hem-de türkmen halkynyň parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini ugur edinýän köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşulmagyny üpjün etmekden, şäherleriň we obalaryň keşbini düýpli özgertmekden, Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça ösüşiň belent derejelerine çykarmakdan ybaratdyr.

Türkmen halky özüniň nurana geljegine ynamly garaýar. Bagtyýar watandaşlarymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, şu gün 63 ýaşy dolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň netijelerine buýsanýarlar. Yslam dünýäsiniň ýörelgelerine we türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryna laýyklykda, bu sene Muhammet Pygamberiň ýaşyna ýetilmegini aňladýar. Şeýlelikde, ol «Akgoýun toýy» bilen utgaşýan wakalar bilen baýlaşdyrylýar.

Adamlaryň Pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli guralýan dabaralarda türkmen halkyna mahsus häsiýetler, ula hormat goýmak dessury we maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi ýaly oňyn ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde bu asylly milli dessur döwrebap derejede dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gökdepe metjidine gelip, ilki bu ýerde şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşýan ýaşulular bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni, 63 ýaşynyň dolmagy — pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asylly işleriň rowaç almagynyň bähbidine durmuşa geçirýän özgertmelerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Ýaşulularyň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň welaýatlara iş saparlaryny gurap, oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmegi, hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň şatlygyna şatlyk goşup, täze uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemek, göwnejaý durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýaşulularyň durmuş tejribesiniň halkymyzyň durmuşynda hem-de nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulularyň bu ugurda edýän ýadawsyz tagallalarynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz metjide girdi. Bu ýerde Beýik Biribardan türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň berkarar bolmagy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jan saglyk, uzak ömür, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikler dileg edilip, aýat okaldy.

Soňra toý sadakasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtüge ylahy gymmatlyk hökmünde tagzym etdiler.

Şeýle hem metjitde keramatly teperrik hem goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Ýaşulular we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli «Akgoýun toý» sadakasyna gatnaşýanlar iki mukaddeslige tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra milli Liderimiz sadaka berilýän bina girdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly däp-dessurlary we häzirki döwürde ýeten derejesi hakynda döreden kitaplarynyň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna toý sadakasyny berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, milli däp-dessurlaryň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny hem-de taryhymyz, geçmişimiz bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de halkymyzyň däp-dessurlara milli gymmatlyk hökmünde garaýandygyny belledi.

Milli Liderimiz halkymyzda 63 ýaşa uly hormat goýulýandygyny belläp, onuň Muhammet pygamberiň ýaşan ömri bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu pursatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini okady:

 

«Jepa çekip, yslam dinin düzdüler,

Altmyş üç ýaşynda geçdi Muhammet».

 

Halkymyz bu ýaşa aýratyn ähmiýet berip, 63 ýaşa ýeten adama durmuş tejribeli, ýaşuly adam hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň şol ýaşa çenli kän synaglardan geçip, ýagşy-ýamany seljermäge, haýryň-şeriň parhyny bilmäge ukyplydygyny we durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýändigini belledi.

Asylly däbe görä, türkmen halkynda bu ýaşa ýeten adamlar Beýik Biribara hoşallyk hökmünde toý sadakasyny berýär. Ol «Akgoýun» sadakasy diýlip atlandyrylýar.

Halk pähimine laýyklykda, «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen jümle bar. Şeýlelikde, «Akgoýun toý» sadakasyny geçirmek ynsanyň hoşniýetli gatnaşyklaryny aňladýan ak zat bilen baglanyşykly bolup durýar.

Pygamber ýaşyna ýetip, men bu senäni, ýagny, “Ak goýun toý” sadakasyny mukaddes Gökdepe metjidinde geçirmegi makul bildim diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň keşbiniň gün-günden özgerýändigini aýtdy. Paýtagtymyzda, welaýatlarda we etraplarda ajaýyp desgalar, zawodlar, kärhanalar, medeni-durmuş toplumlary, amatly ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar yzygiderli gurulýar.

Şunlukda, ähli tagallalar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär.

Men Prezidentlik wezipäme girişen pursadymdan başlap, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary yglan etdim, bu ýörelge meniň alyp barýan syýasatymda öz beýanyny tapdy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Adamlaryň goraglylygy, olara goldaw bermek döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde Watanymyzda giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmenistanlylaryň durmuşy beýik ýeňişlere beslenýär. Ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler täze eýýamyň ruhunda, giň möçberli özgertmelerde öz beýanyny tapýar. Oňyn özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, biziň öňümizde durýan esasy maksatlaryň biri mähriban Watanymyzy dünýäde senagat taýdan ösen döwlete öwürmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň agzybir halkymyza nurana günler we bagtly geljek garaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bagtyýar Watanymyzda alnyp barylýan ähli işleriň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Metjitde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň berkarar bolmagy hakynda doga-dilegleriň edilendigini aýdyp, milli Liderimiz welaýatyň baş ymamyndan tebärek çykmagy haýyş etdi.

Asylly däbe görä, ymam tebärek çykdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň 63 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralýan «Akgoýun toý» sadakasyna gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi.

Tagam dadylandan soň, aýat-töwür okaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edilen doga-dilegleriň, şu gün berlen sadakanyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

«Goý, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik bolsun!» diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.

Sadaka berlenden soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Gökdepe metjidine awtoulag sowgat berildi.

  • 31
  • 30.06.2020