MAKALA

Obam

Näler seni basjak welin bagryma,

Gujagma sygardan giňsiň sen, obam.

Sözlerimde ýetip barýaň ýugruma,

Şygrymdaky dür setirsiň sen, obam.

 

Ýolunmadyk gülleň otyr ülpüldäp,

Gumak ýollaň asfalt boldy ýalpyldap,

Söýjek kändir jandan-tenden apalap,

Kerem-keramata deňsiň sen, obam.

 

Perzendiňden bolmagyn sen nägile,

Gaýta begen, peýda berýänne ile,

Şuny-da aýdaýyn gelende dile,

Entek alynmaly demsiň sen, obam.

 

Müň bir gezek didaryna bakylan,

Gaşynda dyz epip, goşgy okalan,

Ömrümize ýadygärlik dikilen,

Bir beýik ymarat, diňsiň sen, obam.

 

Bereketiň saçakdaky nygmatyň,

Goýnuňda bagtyýar gezsin ymmatyň,

Menem saňa gaýgyrmaryn hyzmatym,

Ähli dertlerime emsiň sen, obam!

 

Sada gyza

 

Gije daňyň ataryna howlukma,

Pikirleriň bolubersin dagynyk.

Öz-özüňi ýitirmekden ägä bol,

Darygyp.

 

Bolmaýan işlere janyňy ýakma,

Bil munda bäş günlük myhmandygyňy.

Şükür et her demde ötegçi ýele,

Ykmandygyňa.

 

Giň dünýäde geň pikire berilmek,

Saňa azda-kände kynam düşýändir.

Adam soňsuz oý-hyýallaň içinde,

Bu hadysa bilen öwrenişýändir.

 

Indi saňa bolaýmaly zat ýaly,

Gije daňyň ataryna howlukmak.

Soňsuz aladalar ýadadar seni,

Ýöne sen gorkma!

 

* * *

 

Menem şu obanyň sada perzendi,

Ulalyp, goýnunda geldim kemala.

Indi wagt tapyp aram-aramlar,

Dogduk obama, gelýän salama.

 

Hamala duşaýjak ýaly gaýtadan,

Gaýgy-aladasyz çagalygyma.

Idäp barýan basyp giden yzlarmy,

Bakman saçlarymyň çalaranyna.

 

Iňňä-iňňälerim, beren azaplam,

Galdy içimde.

Aýaklarym typyp, suwa gaçanym,

Ýadyma düşýär,

«Gadyrýabyň» deňesinden geçemde.

 

Gözlerime yssy bolup görünýän,

Otyr obam, ýatlamany gujaklap.

Gidiberemok men ondan saýlanyp,

Goýberenok bir güýç meni duşaklap.

 

Çünki menem şu obanyň perzendi,

Özümem sada.

Şan getirmek maksadymdyr hemişe,

Eziz obam,

Şuny salýaryn ýada.

 

* * *

 

Bu ýol meni göni obama elter,

«Gyrmyldan gyr aşar» diýip, ýöresem.

Nähili gowy bor dogduk obamyň,

Gujagynda ýaňadandan döresem.

 

Ýaňy ýörjen-ýörjenlikden ilkinji,

Ätjek ädimimi obamda ätsem.

Şeýdibem men ömür atly menzilmiň,

Çetinden gätsem...

 

Şu mährem obada dünýä geldim men,

Şu obanyň howasyndan dem aldym.

Edil ak guş ýaly çaga ekenim,

Çogly günüň howrun ýelmäp bedenme,

Reň aldym...

 

Akmaklyk etmäge ýetişmedim men,

Çynym, şoňa wagt tapman ulaldym.

Oň sebäbem, kakam ýaly menem tüýs,

Aladaçyl oglandym.

 

Goşgy ýazmaklyga wagt tapylsa,

Oýuna, gürrüňe bolmazdy wagt.

Men şonda düşündim, wagt diýilýän,

Adama berilýän zat eken nagt.

 

Men özüme maksat edindim ýylda,

Oba gitmegi.

Az wagtlygam bolsa gaýtmaly baryp,

Eýtmeli-beýtmeli.

 

Şu ýol-a gös-göni obama elter,

Maýdalyma ýöresem.

Dogduk mekanymy — eziz obamy

Gelýär göresim.

 

* * *

 

Ýaşaýyş şu günden başlanýar diýsem,

Öte geçdigim bolmaz.

Çünki bahar şu gün jan berdi dünýä,

Baharyň demine düşen tebigat,

Bezendi sünnä.

 

Zemine eçildi asman dürlerin,

Ummany ýatladýar gülleň tolkuny.

Gyşyň gazabyndan heder eden gün,

Bakýar gorkuly...

 

Ynam etmän gelenine baharyň,

Bulutlaryň arasyndan jyklaýar.

Öýlänçi geçensoň gün görünmese,

Älemgoşaram çykmaýar.

 

Ýagyş diňip gökde Gün tegelense,

Asman ýüzi dürli reňke boýalýar.

Tebigata ýaňadandan jan berýän,

Bahar gelse kalpda söýgi oýanýar.

 

Bu oýanyş, dirilişden nyşandyr,

Barlygyň elinde gülli badasy.

Goja tebigaty görke getirdi,

Baharyň täsiri, gudrat-jadysy.

 

* * *

 

Gün göründi depesinden daglaryň,

Mährine çoýdy ol bütin älemi.

Müň bir öwüşginli bahar paslynyň,

Ýaňadan dolanyp gelmegi bilen

Tüýs ýürekden gutlaýaryn ilimi.

 

Aýagy düşümli bolsun baharyň,

Gelen ýeri bilen bolsun ylaýym.

Biziň ýazymyzam özümiz ýaly,

Hemişe hyzmata gaýym...

 

Öz elleri bilen eken güllerniň

Bahar ýagyş suwun guýdy üstüne.

Tagamyndan dadyp dür damjalaryň

Zemini bezedi, güller dessine.

 

Ynha, şeýdip mahmal dona bürendi,

Depedir gollar.

«Bahar gelýär, bahar gelýär adamlar»

Diýýäni eşdilýär Halyl şahyryň,

Eý, gözel iller.

 

Bahar eýýäm geldi gözel

Diýara, Şelpelerni dakyp bag-bakjalaryň.

Çopanlar mallarny örä çykardy,

Daýhanlar sizem,

Hany ykjamlanyň!

 

Täze bir möwsümiň başyn başlady,

Işjanly bahar.

Nusga bolup adamlaryň baryna,

Güller bilen bezäp ýör ol Zemini,

Edil şu mahal.

 

* * *

 

Ynha, gözellik,

Göm-gök baýyrlyk.

Hiç gidesim gelenok,

Ondan aýrylyp.

 

Bagrymy oýkasym,

Gelýär Zemine.

Düşüp baharyň,

Ýyly demine.

 

Aýlanasym gelýär,

O ýan, bu ýany.

Çünki aýlanmakdan

Tapjagmy bilýän,

Uly peýdany.

 

Çykyp baýyrlaň

Çür depesine.

Sesimi goşjak,

Guşlaň sesine.

 

Ýetirjek menem,

Baharyň waspyn.

Kemsiz ýöredýär,

Bahar öz kesbin.

 

Serediň ynha,

Göm-gök baýyrlyk.

Bu gözellikden,

Bilmen aýrylyp.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 161
  • 02.07.2020