MAKALA

Diýarym geljege ynamly barýar

Asuda durmuşda, abadan ýurtda

Bagtyýar halkymyz döredýär, gurýar.

Her bir güni ösüşlere beslenip,

Diýarym geljege ynamly barýar.

 

Çar tarapa akýar türkmeniň gazy,

Belentden ýaňlanýar aýdymy-sazy.

Ýagtydyr geljegi, sowulmaz ýazy,

Diýarym geljege ynamly barýar.

 

Bu dostluk ýollary barýar çar ýana,

Ýewropa, Aziýa, uzak ummana.

Ajap döwri peşgeş berip ynsana,

Diýarym geljege ynamly barýar.

 

Oba hojalygy, ylym, gurluşyk,

Has täze usullar barýar ornaşyp.

Ýeňişlere gadam urýar birleşip,

Diýarym geljege ynamly barýar.

 

Halal baýamaga ähli şertler bar,

Daýhany-da, işçisi-de bagtyýar.

Bitaraplyk ýolun dünýä nygtaýan

Diýarym geljege ynamly barýar.

 

Beýik ösüşleriň mekany bolan,

Owazasy älem-jahana dolan.

Sakasynda milli Lideri bilen

Diýarym geljege ynamly barýar

 

Dogduk diýar

 

Ýyllar geçdigisaýyn

Küýsedýär çagalygym.

Aşyk oýnan takyrlam,

Çiş diken çägeligim.

 

Çärýek asyr geçipdir

Goýnuňdan gaýdanmyza.

Syrgyn-syrgyn aýlanyp

«Ýarymezan» aýdanmyza.

 

Gujagyňdan sogrulyp,

Çykdyk ylym almaga.

Bir hünäre erk edip,

Oň eýesi bolmaga.

 

Watana gulluk edip,

Alys-ýakyn illerde.

Zähmet bilen taplandyk

Beýik-pesli ýollarda.

 

Azam bolsa, bu iliň

Derdine ýarap bildik.

Beren edebne uýup,

Danadan öwüt aldyk.

 

Nirelerde ýörsek-de,

Gujagyňy küýsetdiň.

Tarypyňy ýetirdim,

Üstünligňe buýsandym.

 

Huzuryňa gelemde

Juwan deý galkar göwnüm.

Ak alaňlaň ýüzünde

Görýän çagalyk döwrüm.

 

Topragyň maňa derman,

Derman depe, düzleriň.

Seniň jennet goýnuňdan

Men aýagmy üzmerin.

 

Gördüm ençe oba-kent,

Bir-birinden zyýada.

Ýöne sen meniň üçin

Iň mähriban dünýäde.

 

Atygsaýar ýüregim

Dogduk obama sary.

...Çärýek asyr geçipdir,

Senden gaýdalym bäri.

 

Erik agajy

 

Ýalaňaç nahalňy ekdiler ýere,

Sen kök urduň, ýaprakladyň, güllediň.

Şahalaryň ýognap gitdi gol gerip,

Boý aldyň sen, ejizligi bilmediň.

 

Çiliňi çekdiler, suwuňy tutup,

Bol miwe getirdiň gollaryň doly.

Hasylyň soňlandy iň soňa ýetip,

Basym sowulmadyň, gülleýşiň ýaly.

 

Gazaply gyşda-da arzuwdan dolup,

Seleňläp otyrsyň ýaza garaşyp.

Ýene geýýäň egne ak gülli dony,

Datly miwäň saňa berýär ýaraşyk.

 

Paýlaýaň olary ýakyn-daşyňa,

Özüň üçin hiç zat aýryp, goýaňok.

Bisabyrlar dyrmaşsa-da başyňa,

Dymyp ýeňýäň, hiç agyr söz diýeňok.

 

Hasylyň ýygnalýar esli salymdan,

Ýene donsuz galýaň döreýşiň ýaly.

Seň ykbalyň adamlaňka çalymdaş,

Durmuşyňam ynsanyňky mysaly.

 

Pelsepe

 

Durmuş bir gyzykly eser mysaly,

Ýaşamak üçinem göreşmek gerek.

Munda zähmet çeken görer wysaly,

Iş ýakmazyň ömri geçer biderek.

 

Ejizlere ýaran bolmaz ýeňişler,

Ýürekler haýbatly ursun gursakda.

Gadamlaryň batly bolsa her işde,

Müşgil zatlar ýan berer şol pursatda.

 

Duşsaň bu ýollarda oý-kötellere,

Sebäbini özgelerden gözleme.

Sähel üstünlige özüňi magtap,

Kemçiligňi aýyp saýyp gizleme.

 

Ak patasyn alyp, paýhasly ataň

Ýola çyksaň beýik işler tutarsyň.

Her bir işde hemra bolsun yhlasyň,

Şonda ajap menzillere ýetersiň.

 

Beýik bolmak nesip etmez her kime,

Beýiklere hakdan beriler halat.

Synmaz beýiklikdir zerur ýerinde

Bir mätäje edip bilseň delalat.

 

Halal zähmet bilen bekesin biliň,

Watan üçin aýamagyn hyzmatyň.

Şonda bir sütüni borsuň bu iliň,

Halk içinde artar gider yzzatyň.

 

Eden ýagşylygňy diliňe alma,

Onda ýiter öň gazanan sogabyň.

Özgeden hiç zada tamakin bolma,

Ýagşy işiň Taňry berer jogabyn.

 

Setirlerime

 

Menem rowa görülsem,

söz mülküne girmäge

Ýiti bolsun oragym,

hoşasyny tirmäge.

 

Setirlem orun tutsaňyz,

töründe ýürekleriň.

Şonda ukusyz daňlarmy,

men ýene gereklärin.

 

Eger ýol aşmasaňyz,

ýöreýän ýolum bilen

Bile badaşmasaňyz,

meniň pes pälim bilen.

 

Ornaşyp bilmeseňiz,

kalplarda timarlanyp,

Dem goşup bilmeseňiz,

demine bimarlaryň.

 

Çagajyklaň sesine

şat mukam bolmasaňyz,

Duşsa çatlan göwünler,

halyny bilmeseňiz,

 

Azaşana dogry ýol

görkezip bilmeseňiz,

Il agysyna aglap,

şatlygna gülmeseňiz,

 

Onda girmäň aňyma

päsgel berip daňyma.

Çolaşyp galamyma

Depderime ýazylmaň.

Baglanyp gara daşa

soň derýada ezilmäň!

 

Magtymguly

 

Sen öz kimligiňi bileýin diýseň,

Many al, oka-da Magtymgulyny.

Söz mülküne myhman bolaýyn diýseň,

Many al, oka-da Magtymgulyny.

 

Akyl derýasynda gulaçlap ýüzen,

Sözleriň düründen monjuklar düzen,

Garaşsyz ýurt isläp dessanlar ýazan,

Many al, oka-da Magtymgulyny.

 

Kelamynda umman deýin many bar,

Türkmenimiň geljegi bar, düýni bar,

Şygrynda paýhaslaň harman, käni bar,

Many al, oka-da Magtymgulyny.

 

Welilikde ençe ylmyň soltany,

Gurt-guşuň dilinden alandyr many,

Aýan oňa älem syrlarnyň bary,

Many al, oka-da Magtymgulyny.

 

Eýlän arzuwlary wysal bolandyr,

Bu türkmen Berkarar döwlet gurandyr,

Halka Arkadagly döwran gelendir,

Sežde kyl, oka-da Magtymgulyny.

 

Halmuhammet Hajyýew.

  • 152
  • 03.07.2020