MAKALA

Söz ýarasy

(Täjik tymsaly)

 

Ir döwürde tokaýyň golaýynda bir odunçy ýaşaýar eken. Ol her gün dagyň gür tokaýlygyndan odun çapmaga gider eken. Ony hem bazarda satyp, puluna-da öýüne gerek-ýaragyny alypdyr. Bir gezek tokaýda gury arçany bölekläp durka, bir ýerlerden äpet aýy peýda bolýar.

Ol gorkujygyna: «Aýy häzir meni iýer!» diýip pikirlenýär. Duýdansyz gelen aýy bolsa oňa sowal berýär:

— Eý, adam, görýän welin, sen gaty agyr zähmet çekýäň. Aýt, hany, bu agaçlar saňa nämä gerek boldy?

— Men odunlary bazarda satyp, maşgalamy ekleýän.

— Onuň ýaly bolsa, sen indiden beýläk özüňi köseme. Maňa odun taýýarlap, dag etegine düşürmegiň asla kynçylygy ýok. Sen gelip, diňe taýynjak odunlary alyp gidiber! — diýýär. Odunçy aýy bilen razylaşýar.

Ertesi güni tokaýa gelse, dogrudanam, belleşilen ýerde daňylgy odunlar duran eken. Ol begenjine odunlary arkasyna alýar-da gidiberýär. Şeýle ýagdaý birnäçe gün dowam edýär. Bir gün ol: «Aýynyň kömegini nädip gaýtaryp bolarka?» diýip oýlanýar. Soňra aýalyna:

— Keýwany, gelinçäm, gowja nahar taýynla, men gidip, dostumy alyp geljek — diýýär. Ol tokaýa baryp, aýyny öýüne myhmançylyga çagyrýar. Aýy ilkibaşda göwnemeýär, ýöne ol özelenip duransoň, ahyry razylaşýar. Olar tirkeşip, öýe ýetýärler. Aýaly adamsy bilen bir uly elhenç aýynyň gelenini görenden:

— Bagtym ýatdy! — diýip gygyrýar. — Heý-de, şeýle gorkunç aýy hem seniň dostuň bolarmy?!

Göwne degiji sözleri eşiden aýy gaharlanyp, dostuna:

— Paltaňy al-da, ur meniň depämden! — diýýär.

— Dost jan, sen bagyşla, meniň aýalym entek seniň kimdigiňi bilenok — diýip, odunçy oňa düşündirjek bolýar.

— Ur diýýän paltaň bilen meniň kelläme! Eger urmasaň, ikiňizem öldürip, öýüňizi çym-pytrak ederin! — diýip, aýy gaharlanýar.

Odunçy içinden: «Eger häzir men muny paltalamasam, bu öz diýenini eder» diýip, bar güýji bilen aýyň süýr depesinden paltany salýar. Gana bulaşan aýy howludan dazlap çykýar. Bu bolan wakadan soň odunçy öňki ýerinden has uzaga gidip başlaýar. Ýöne her gün uzak aralygy geçmek ony gynaýar. Bir günem: «Aýy bireýýäm öldi ahyryn, kösenmäýin-le, öňküje ýerime gideýin!» diýip, öňki ýerine agaç çapmaga barýar. Birden ýanynda şol äpet aýy peýda bolýar. Ol aljyraňňy halda aýynyň süýr depesine seredýär, görse onuň kellesinde salan ýarasyndan nyşanam galmandyr. Şonda aýy:

— Görýäňmi dost, paltaň salan ýarasyndan yz hem galan däldir. Emma seniň aýalyň aýdan ýakymsyz sözleri welin, meniň ýüregimden çykanok. Bu gün paltaň tyrkyldysyny gaýtadan eşidenimde bolsa, ýüregimiň ýarasy ýene-de täzelendi! — diýipdir.

 

Rus dilinden terjime eden

Amanbike Babaýewa.

  • 119
  • 06.07.2020